BIZNES

Türkmenistan bilen Ýaponiýa täze ylalaşyklara gol çekdiler

Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa saparynyň çäklerinde geçirilen duşuşyklaryň jemleri boýunça  ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Gol çekilen resminamalaryň hatarynda:

  • «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen «Kawasaki Heavy Industries, Ltd.» (Ýaponiýa), «Rönesans Endüstri Tesisleri Inşaat Sanayi ve Tijaret Anonim Şirketi» (Türkiýe) we «ITOCHU Corporation» (Ýaponiýa) kompaniýalar toparynyň arasynda Türkmenistanyň Ahal welaýatynda gazdan benzin öndürýän ikinji zawodyň taslamasyny düzmek, üpjün etmek we doly gurup tabşyrmak boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakynda Çarçuwaly ylalaşyk;
  • «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen «Mitsubishi Heavy Industries, Ltd.» (Ýaponiýa), «Gap Inşaat Yatirim ve Diş Tijaret Anonim Şirketi» (Türkiýe) we «Mitsubishi Corporation» (Ýaponiýa) kompaniýalar toparynyň arasynda Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň Gyýanly obasynda kuwwatlylygy ýylda 1,155 müň tonna karbamid önümçilik zawodynyň taslamasyny düzmek, üpjün etmek we doly gurup tabşyrmak boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakynda Çarçuwaly ylalaşyk;
  • «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen «Toyo Engineering Corporation» (Ýaponiýa) we «Rönesans Endüstri Tesisleri Inşaat Sanayi ve Tijaret Anonim Şirketi» (Türkiýe) kompaniýalar toparynyň arasynda Türkmenistanda Gyýanlydaky polimer zawodyny düýpli abatlamak boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakynda Çarçuwaly ylalaşyk;
  • «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen «Kawasaki Heavy Industries, Ltd.» kompaniýasynyň arasynda 09.05.2024 senedäki (03.06.2024 senedäki HZM-740101) 02/24 belgili Çarçuwaly şertnama 2 belgili Goşmaça ylalaşyk;
  • Türkmenistanyň Energetika ministrligi bilen «Sumitomo Corporation» (Ýaponiýa) kompaniýasynyň arasynda açyk dolanyşykdaky elektrik stansiýalaryny utgaşykly dolanyşyk işine geçirmek taslamalary boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakynda Çarçuwaly ylalaşyk;
  • Türkmenistanyň Energetika ministrligi bilen Ýaponiýanyň «Muroosystems Corporation» kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  • Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komiteti bilen «Sumitomo Heavy Industries, Ltd.» (Ýaponiýa) kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  • Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen «Tokio Boeki Euroasia Ltd.» kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  • Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen Ýaponiýanyň «Tohkemy Corporation» kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  • Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti bilen Ýaponiýanyň «Kubota» korporasiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  • Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi bilen Çuo uniwersitetiniň Gözleg we ösüş başlangyjynyň arasynda parnik gazlarynyň milli sanawyny kämilleşdirmek we Pariž ylalaşygyna laýyklykda hasabat bermek boýunça mümkinçiligini ýokarlandyrmak barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  • Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen “Nippon” eksport we maýa goýumy ätiýaçlandyryş agentliginiň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama bar.
  • Şeýle hem ýurdumyzyň wekiliýetiniň Ýaponiýa saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen «Nippon» gaznasynyň we «JACAFA» gaznasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  • Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty bilen «Nippon» gaznasynyň we «JACAFA» gaznasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  • Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen «Nippon» gaznasynyň we «JACAFA» gaznasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda gazdan benzin öndürýän ikinji zawod gurlar

Hytaýyň eksporty 850 milliard dollardan geçdi

Azerbaýjan Ýewropa 3 milliard kubmetr gaz eksport etdi

Türkmenistanda senagat ähmiýetli täze tebigy gaz akymy alyndy

Türkmenistan «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisine gatnaşýar

Eýranda Türkmenistanda öndürilýän önümleriň sergisi guralar

Ata Watan Eserleri