JEMGYÝET

Türkmenistan bilen Ýaponiýa täze ähtnamalara gol çekdi

Ýaponiýada iş saparynda bolýan Türkmenistanyň daşary işler ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Ýaponiýanyň ykdysadyýet, söwda we senagat ministri Ken Saýto bilen duşuşdy.

Taraplar Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky söwda we ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmaga ünsi jemlediler. Şol bir wagtyň özünde, syýasy erkiň, giň ykdysady mümkinçiligiň we özara düşünişmegiň bardygyny göz öňünde tutup, hyzmatdaşlygyň uzak möhletleýin ösüşiniň ähmiýeti nygtaldy.

Dürli taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, şol sanda himiýa desgalarynyň, gaz turbinaly elektrik stansiýalarynyň gurluşygy, enjamlar we ulaglar bilen üpjün edilmegi bellendi.

Şeýle hem Merkezi Aziýa+Ýaponiýa dialogyň çäklerinde energeitka ykdysadyýeti babatda ministrler duşuşygynyň geçirilmegi, dekarboniýazasiýa, bilelikdäki karzlaşdyrmak mehahizmi, söwda gatnaşyklaryny gowulandyrmak üçin elektron söwda ulgamyny ornaşdyrmak, tehlogik işläp düzmeler we wodorodyň daşalmagy babatda bilelikde işleriň alnyp barylmagy boýunça pikir alşyldy.

Duşuşygyň jemleri boýunça taraplar degişli ugurdaky taslamalary we başlangyçlary işjeňleşdirmäge gönükdirilen resminamalaryň toplumyna gol çekdiler:

– Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat ministrliginiň arasynda energetika geçişi amala aşyrmak boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama;

– Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň binýadynda  onuň ikinji toplumynyň taslamasynyň we  gurluşygynyň amala aşyrylmagy boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama;

– “Marykarbamid” zawodynyň taslama kuwwatlylygyny artdyrmak boýunça tehniki hyzmatlaryň amala aşyrylmagy we üpjün edilmegi boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama;

– Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň tehniki hyzmatlaryň amala aşyrylmagy we üpjün edilmegi babatynda Çarçuwaly ylalaşyklar boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama.

Ýene-de okaň

Türkmen döwlet maliýe institutyna täze rektor bellendi

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutyna täze rektor bellendi

Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýanyň Baştutanyny diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bilen gutlady

Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Merkezi Aziýa+ASEAN” formatyny dörediler

Atagulyýew: Türkmenistan ulag geçelgeleriniň ösüşine aýratyn ähmiýet berýär

İlham Aliýew TDG-niň hökümet baştutanlary bilen duşuşdy