SPORT

Türkmenistan bilen Russiýa sport hyzmatdaşlygyny ara alyp maslahatlaşdy

Türkmenistan Russiýa Federasiýasy bilen sport we ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýär. Bu ugurdaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklary Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň baş sekretary Ata Akmämmedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Olimpiýa komitetiniň baş sekretary Rodion Plituhiniň arasynda sanly ulgam arkaly geçirilen duşuşykda ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Olimpiýa komitetiniň resmi saýtynda bellenilip geçilýär.

Taraplar iki ýurduň arasynda bedenterbiýe we sport ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Rodion Plituhin 1-2-nji iýunda Moskwada geçiriljek ýaş olimpiýaçylaryň halkara forumyna Türkmenistanyň wekiliýetiniň hem gatnaşmagyna garaşýandyklaryny mälim etdi.

Şeýle hem Russiýa Federasiýasynyň Olimpiýa komitetiniň baş sekretary Russiýanyň Halkara olimpiýa uniwersitetinde (RMOU) “Sport administrasiýaysnyň masteri” halkara maksatnamasy boýunça bilim almak isleýänler üçin talyp hakly bäsleşik üçin ýüztutmlaryň kabul edilýändigini belledi. Türkmenistanyň wekilleriniň Russiýanyň bu ýokary okuw mekdebinde tälim alandygy bellenildi.

Mundan başga-da, taraplar 2018-nji ýylda iki ýurduň Olimpiýa komitetleriniň arasynda gol çekilen hyzmatdaşlyk etmek boýunça ähtnamanyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi babatda pikir alyşdylar.

Türkmen tarapy Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasy bilen sport we ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga, hususan-da, sportuň gyşky olimpiýa görnüşleri boýunça hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini belledi.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen tarapy Russiýa Federasiýasynyň Olimpiýa komitetiniň wekiliýetini tomsuň ortalarynda sport desgalary boýunça tanyşlyk we hyzmatdaşlyk hakynda ähtnamanyň täzelenen görnüşine gol çekişmek üçin Türkmenistana çagyrdy.

Ýene-de okaň

Türkmen boksçysy Döwlet Islamow Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy

AFK-nyň futbol boýunça dolandyryş okuwyna badalga berildi

Rumyniýaly meşhur tälimçis Mirça Luçesku aradan çykdy

Geçen ýylyň çempiony “Arkadag” täze möwsüme uly hasaply ýeňiş bilen başlady

Ankarada 2026-njy ýylyň şygryna we Bütindünýä saglyk günine bagyşlanan futbol bäsleşigi geçirildi

Aziýanyň boks çempionaty:türkmenistanly Döwlet Yslamow ýarym finala çykdy