Türkmenistan bilen Russiýa söwda hyzmatdaşlygyny ösdürer

Göni aragatnaşyk arkaly Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäheriniň işewür toparynyň arasynda geçirilen duşuşygyň gün tertibine özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek meseleleri girizildi.

Türkmen tarapyna Söwda-senagat edarasynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň hem-de Newanyň boýundaky şähere öz önümlerini eksport etmäge gyzyklanma bildirýän beýleki birnäçe ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary wekilçilik etdiler.

Sankt-Peterburgdan Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçylary, döwlet düzümleriniň hem-de olaryň garamagyndaky edaralaryň, senagat we gurluşyk serişdelerini, enjamlary, radioelektronika önümlerini öndürmek, telekommunikasiýalar hem-de ölçeýiş tehnikalar ulgamlarynda hem-de eksport we sergi işini guramak babatda işleýän kompaniýalaryň birnäçesiniň wekilleri aragatnaşyga çykdylar.

Onlaýn görnüşindäki gepleşikleriň barşynda ýokary derejede gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek hem-de özara gatnaşyklaryň bar bolan uly kuwwatyndan netijeli peýdalanmak bilen baglylykda, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Wideoduşuşygyň çäklerinde türkmen tarapynyň wekilleri gurluşyk serişdelerini, dokma önümlerini, şeýle hem hususy önüm öndürijileriň köp görnüşli harytlaryny ibermekde öz mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdylar.

Öz tarapyndan «Awangard» açyk paýdarlar jemgyýeti, Telekeçiligi ösdürmek we goldamak merkezi hem-de Newanyň boýundaky şäheriň türkmen bazarynda işlemäge gyzyklanma bildirýän beýleki işewür düzümleri eksport boýunça tekliplerini öňe sürdüler.

Duşuşyga gatnaşyjylar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça bilelikdäki işiň ugurlaryny anyklaşdyrmaga mümkinçilik berýän yzygiderli ikitaraplaýyn gepleşikleri dowam etmegiň wajypdygyny bellediler. Duşuşyga Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky söwda wekili hem-de Russiýa Federasiýasynyň ýurdumyzdaky ilçihanasynyň wekili hem gatnaşdylar.

Related posts

Türkmenistan bilen Hytaýyň tebigy gazyň söwda dolanyşygy 477 milliard kub metre ýetdi

BOTAŞ: Türkmen gazynyň Türkiýe arkaly Ýewropa üstaşyr geçirilmegi strategik maksat bolmagynda galýar

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby bölüminiň täze binalar we desgalar toplumy ulanmaga berildi

Ýaşlar – Watanyň ýagty geljeginiň binýady

Türkmenistanyň wekiliýeti ŞHG-niň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy

Hafez Şirazynyň şygryýet güni mynasybetli medeni-edebi çäre geçirildi

Türkmenistanyň Prezidentiniň Bitaraplyga bagyşlanan kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

Putin, Tramp we Szinpin Hytaýda duşuşyp biler

“OGT-2026”: Azerbaýjan Türkmenistan bilen energetika hyzmatdaşlygyny giňeltmäge çalyşýar

Ýaşlar – Watanyň geljegi, jemgyýetiň ösüşiniň esasy güýji

OGT 2026: Türkmenistan nebitgaz pudagynda halkara hyzmatdaşlygyna açyk ýurt

«Türkmenistanyň nebiti we gazy-2026» atly halkara sergisi geçirilýär

Türkmenistanyň Prezidenti «OGT 2026» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylary gutlady

«Ene tebigat» sergisi: 35 ýurtdan 62 suratkeşiň 116 eseri görkezilýär

Oguljahan Atabaýewa, Leýla Aliýewa we Saida Mirziýoýewa Türkmen halysynyň milli muzeýine baryp gördüler

Green Kart 2027-ä garaşýanlar umytdan gaçmalymy?

Balykesir we Çanakkale: Türkiýäniň taryhy-medeni mirasyna syýahat

Türkmenistanyň we Kataryň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi

Ata Watan Eserleri

Sergen Ýalçyn Türkiýäniň ýygyndysy baş tälimçisi boldy

OGT-2026: gatnaşyjylar üçin medeni maksatnama