ABŞ-nyň Green Kart (DV-2027) lotereýasynyň başlanmagyna garaşýanlar üçin ýakyn günlerde möhüm habarlar bolup biler.
Red Eagle Law hukuk edarasynyň ýaýradan maglumatyna görä, ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubio DV-2027 lotereýasy bilen bagly kazyýet kararyna garşy şikaýat edip, onuň ýerine ýetirilmeginiň wagtlaýyn togtadylmagyny sorady.
Hukuk edarasynyň bellemegine görä, hökümet bu mesele boýunça 21-nji oktýabra çenli karar çykarylmagyny soraýar. Şeýle hem 22-nji oktýabrda federal şikaýat kazyýetine ýüz tutmak meýilleşdirilýär.
Diýmek, Green Kart 2027-ä garaşýanlar üçin ýakyn günlerde täze maglumatlar peýda bolup biler.
Häzirlikçe lotereýanyň haçan başlanjakdygy belli däl. Emma kazyýet işiniň dowam edýändigi sebäpli, garaşýanlaryň umydyny üzmegi üçin entek esas ýok.
Green Kart 2027 bilen bagly iň soňky täzeliklerden habarly bolmak üçin www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtymyzy, Instagramdaky @atavatanturkmen hem-de TikTokdaky @atawatanhabarlary hasaplarymyzy yzarlaň!
Çeşme: Red Eagle Law, L.C. hukuk edarasynyň 20-nji oktýabrda ýaýradan maglumat belligi.
