DÜNÝÄ

Türkmenistan bilen Özbegistan konsullyk geňeşmeleri geçirdi

Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda nobatdaky konsullyk geňeşmeleri geçirildi. Bu barada Özbegistan Respublikasynyň daşary syýasat edarasynyň resmi saýtynda bellenilip geçilýär.

Geňeşmelere iki ýurduň daşary syýasat edarasynyň hem-de hukuk goraýjy edaralarynyň wekilleri gatnaşdy. Onuň çäginde konsullyk ugry boýunça türkmen-özbek hyzmatdaşlyk meseleleri, şeýle hem raýatlaryň bähbitlerini we hukuklaryny goramak babatdaky meseleler boýunça pikir alşyldy.

Şeýle hem konsullyk-hukuk ulgamynda tejribe alyş çalşygy hem-de bu ugurda dürli bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek babatdaky tekliplere garaldy.

Gepleşikleriň jemleri boýunça ylalaşylan ylalaşyklar boýunça degişli teswirnama gol çekildi.

Related posts

Benzin we dizel ulaglaryna gadaganlyk giriziler

Türkmen-belarus syýasy geňeşmeler geçirildi

“Al Sharq” gazeti: Aşgabat we Doha gaz we ulag pudagynda hyzmatdaşlygyny ösdürer

Ata Watan Eserleri

Leave a Comment