BIZNES

Türkmenistan bilen Intellektual eýeçiligiň Bütindünýä guramasy şertnama baglaşdy

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde, Intellektual Eýeçiligiň Bütindünýä Guramasynyň (IEBG-nyň) Baş direktory Daren Tang bilen wideoaragatnaşyk arkaly iş duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi habar berýär.

Bellenen tertipde ylalaşylan iş duşuşygyna türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarow, ministrligiň Döwlet maliýesini jemleýji we ykdysady syýasaty müdirliginiň Halkara gatnaşyklary bölüminiň başlygy Maksat Kutlymyradow, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugynyň (Gulluk) başlygy Ata Annaniýazow we Gullugyň başlygynyň orunbasary Orazmyrat Saparmyradow, Gullugyň Halkara gatnaşyklary bölüminiň başlygy Nazarmuhammet Babaýew, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara guramalary müdirliginden Döwlet Çotbaýew gatnaşdylar.

Iş duşuşygynyň dowamynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarow Türkmenistanda intellektual eýeçiligi ugrunda alnyp barylýan işler, Intellektual Eýeçiligiň Bütindünýä Guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlyk babatynda çykyş etdi we Türkmenistanyň ykdysadyýet we Intellektual Eýeçiligiň Bütindünýä Guramasynyň Tehnologiýalary we innowasiýalary goldamak boýunça Merkezini döretmek bilen bagly Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen Intellektual Eýeçiligiň Bütindünýä Guramasynyň arasynda hyzmat etmek hakynda Ylalaşyga gol çekilmeginiň ähmiýeti barada belläp geçdi.

Intellektual Eýeçiligiň Bütindünýä Guramasynyň Baş direktory jenap Daren Tang öz gezeginde Ylalaşyga gol çekilmeginiň ähmiýeti barada çykyş etdi.

Duşuşygyň dowamynda agzalan Ylalaşyga Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarow we Intellektual Eýeçiligiň Bütindünýä Guramasynyň Baş direktory jenap Daren Tang gol çekdiler.

 

Dünýäniň iň uzyn zenany Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

 

Ýene-de okaň

Pekin şäherinde Türkmenistanyň maýa goýum mümçilikleri bilen tanyşdyryldy

Türkmenistan bilen Gruziýa gümrük işlerinde hyzmatdaşlyk etmek babatda ylalaşyk baglaşdylar

Özbegistanda üçünji türkmen-özbek sebitara forumyny geçirmek teklip edildi

Türkmenistan Malaýziýadaky halkara sergä taýýarlyk görýär

Türkmen wekiliýeti Katardaky sergä gatnaşýar

“Bäherden” keramiki önümler kärhanasyny işe giriziler