JEMGYÝET

Türkmenistan bilen Germaniýa strategik hyzmatdaşlyk kartasyny durmuşa geçirýär

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň ýerine ýetiriji direktory Mihael Harms bilen duşuşdy. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.

Duşuşykda Türkmenistan bilen Germaniýanyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk gatnaşyklary barada pikir alşyldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri bilen duşuşykdan soňra habarçylar bilen söhbetdeşliginde German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň ýerine ýetiriji direktory Mihael Harms Türkmenistan bilen Germaniýanyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşandyklaryny aýtdy.

Biz geçen ýyl Germaniýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlyk kartasyny işläp taýýarladyk. Ol 50-den gowrak taslamalary özünde jemleýär. Bular – energetika, himiýa, oba hojalygy, Ýewropa bilen Hytaýyň arasyndaky ulag geçelgesi, ýaşyl ykdysadyýete geçmek, suw hojalygyny döwrebaplaşdyrmak meselelerini öz içine alýar we ençeme örän ähmiýetli ugurlardyr. Duşuşykda bu taslamalaryň ählisi boýunça pikir alyşdyk.

Türkmenistan Merkezi Aziýa sebitinde biziň esasy hyzmatdaşlarymyzyň biri bolup durýar. Bu sebit soňky wagtlarda, elbetde tutuş Ýewropa üçin has möhüm sebite öwrüldi.

Ýene-de okaň

Türkmenistandaky “Mosaic Visa” kompaniýasy 4-nji maýda täze ofisine geçýär

Türkmenistanda täze talyp haklary giriziler

Arkadag şäheriniň 2-nji tapgyrynda 4284 maşgala niýetlenen ýaşaýyş jaýlary gurulýar

Arkadag şäheriniň wekiliýeti Azerbaýjanda geçiriljek Şäherleriň Bütindünýä Forumyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

Arkadag şäheriniň muzeýinde Milli Liderimiziň manyly ömrüne degişli gymmatlyklary ýerleşdirmek meýilleşdirilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň wekiliýeti Bakuda geçiriljek şäherleriň Bütindünýä forumyna gatnaşar