DÜNÝÄ

Türkmenistan bilen Filippinleriň diplomatik gatnaşyklaryna 30 ýyl doldy

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Filippinler Respublikasynyň Prezidenti Ferdinand Romualdes Markosa hem-de ýurduň halkyna Türkmenistan bilen Filippinler Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk hem-de özara ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýandygyny belläp, Türkmenistanyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini nygtady hem-de bilelikdäki tagallalar arkaly iki halkyň bähbitlerine döwletara hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Ferdinand Romualdes Markosa berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Filippinler Respublikasynyň halkyna bolsa, mundan beýläk-de ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda Buddanyň heýkeliniň kelle bölegini dikeltmek işi dowam edýär

Türkmenistanyň ilçisi Filippinleriň Garaşsyzlyk gününiň çärelerine gatnaşdy

Türkmenistan Pekinde geçirilen Adam hukuklary ýokary derejeli foruma gatnaşdy

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak toparynyň mejlisi geçiriler

Türkmenistanyň wekiliýeti Howanyň üýtgemegi boýunça Bonn maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy Ýaponiýada saparda boldy