DÜNÝÄ

Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda ýolagçy otly gatnawlaryny ýola goýmak meýilleşdirilýär

Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şäher gurluşyk Ministri Farzane Sadeg Malwajerd Türkmenistanda saparda bolup, Arkadag şäherinde geçirilen “Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň bähbidine halkara işini ösdürmek” atly halkara maslahatyna gatnaşdy.

Türkmenistana amala aşyran saparynyň çäklerinde birnäçe duşuşyklar geçiren Eýranyň ministri iki ýurduň arasynda synag görnüşinde ýolagçy demirýol gatnawlaryny guramak, şeýle hem ýük gatnawlarynyň möçberini artdyrmak babatda ylalaşandygyny belledi.

Eýranyň ýol we şäher gurluşyk Ministri Farzane Sadeg öz ýurduna dolanyp barandan soňra sapary barada Eýranyň žurnalistlerine beýanet berdi. “Fars News” agentliginiň habaryna görä, synag görnüşindäki ýolagçy demirýol gatnawlaryny Maşat-Serahs (Eýran) we Mary (Türkmenistan) ugry boýunça amala aşyrmak we geljekde bu ugry Özbegistana çenli giňeltmek teklip edildi.

Ýolagçy demirýol gatnawlaryny guramak başlangyjy bilen bir hatarda demir ýol ulaglary arkaly ýük gatnawlarynyň möçbeirni 2 esse, ýagny 200-den 400 wagona ýetirmek boýunça pikir alşyldy.

Eýranyň ministri Aşgabatda Türkmenistanyň daşary işler ministri hem-de ulag pudagynyň wekilleri bilen duşuşdy. Duşuşyklarda tebigy gazy ibermek, elektrik energiýa üpjünçiligi, tehniki we inženerçilik hyzmatlarynyň eksporty, Etrek-Gumdag awtomobil ýolunyň taslamasy (Eýranyň serhedinden Balkan welaýatynyň Gumdag şäherine çenli) barada pikir alyşmalar boldy.

Ministriň bellemegine görä, agzalýan awtomobil ýolunyň taslamasynyň gurluşygy eýranly potratça ynanyldy we gurluşyk işlerine ýakyn wagtda girişiler.

Şeýle hem taraplar öňümizdäki 2 aýyň dowamynda Tähranda ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-eýran toparynyň bilelikdäki mejlisini geçirmek babatda ylalaşdylar.

Ýene-de okaň

Wladimir Putin Hindistana döwlet sapary bilen bardy

Ýaponiýa-Merkezi Aziýa sammiti dekabrda Tokioda geçiriler

Türkmenistanyň we Somaliniň daşary işler ministrleriniň telefon arkaly söhbetdeşligi

Türkmenistanyň Ilçisi BAE-niň Prezidentine ynanç hatlaryny gowşurdy

Wladimir Putin Hindistanda döwlet saparynda bolar

Türkmenistanyň Mejlisinde Kuweýt Döwletiniň ilçisi ynanç hatyny gowşurdy