JEMGYÝET

Türkmenistan bilen Eýran 9 ähtnama gol çekişdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Eýran Yslam Respublikasyna amala aşyran saparynyň jemleri boýunça 9 özara düşünişmek hakyndaky ähtnama gol çekildi. Bu barada Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.

Tährandaky Saadabat köşgünde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seyed Ebrahim Raisiniň arasynda ýokary derejedäki gepleşikler geçirildi.

Gepleşikleriň jemleri boýunça iki ýurduň döwlet Baştutanlaryny bilelikdäki Beýanata gol çekdiler. Şeýle hem iki ýurduň hökümet wekilleri birnäçe ylalaşyklara gol çekdiler.

Gol çekilen ylalaşyklar:

  • Türkmenistanyň Ahal welaýaty bilen EYR-nyň Demirgazyk Horosan welaýatynyň arasynda söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça özara düşünişmek hakyndaky ähtnama;
  • Türkmenistanyň Balkan welaýaty bilen EYR-nyň Golestan welaýatynyň arasynda söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça özara düşünişmek hakyndaky ähtnama;
  • Türkmenistanyň Mary welaýaty bilen EYR-nyň Horosan Razawi welaýatynyň arasynda söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça özara düşünişmek hakyndaky ähtnama;
  • Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen EYR-niň Teleradioýaýlymlary korporasiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakyndaky ähtnama;
  • Bilelikdäki maýa goýum komitetini döretmek boýunça özara düşünişmek hakyndaky ähtnama;
  • Ulag we üstaşyr hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda özara düşünişmek hakyndaky ähtnama;
  • Daşky gurşawy goramak hyzmatdaşlygy babatda özara düşünişmek hakyndaky ähtnama.

 

Aşgabat-Tähran söwda merkezi döretmek teklip edilýär

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Merkezi Aziýa+ASEAN” formatyny dörediler

Atagulyýew: Türkmenistan ulag geçelgeleriniň ösüşine aýratyn ähmiýet berýär

İlham Aliýew TDG-niň hökümet baştutanlary bilen duşuşdy

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini maslahatlaşdy

Türkmen wekiliýetiniň Gruziýanyň portlaryna sapary

Türkmenistanyň wekiliýeti Azerbaýjana sapar bilen bardy