SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

“Türkmenistan” awiakompaniýasyndan Moskwa we Kazan gatnawlary üçin ýatlatma

«Türkmenistan» awiakompaniýasy özüniň resmi «VK» hasabynda Moskwa — Türkmenbaşy ugry hem-de Kazan — Türkmenabat ugry boýunça uçar gatnawlaryndan peýdalanýanlara uçuş wagtynda şu resminamalaryň ýolagçylaryň ýanynda bolmalydygyny ýatladýar:

  • COVID-19-a garşy sanjym alandygy barada saglyk kepilnamasy (sanjym görnüşine we hereket edýän möhletine aýratyn talap bildirilmeýär).
  • 2 nusgada doldurylan saglyk ýagdaýy barada resminama (nusgany şu ýerden almak bolýar).
  • COVID-19 keseliniň ýoklugyny görkezýän test barlagynyň netijesi.
  • Şahsyýetini görkezýän resminamalar.

Ýokarda görkezilen resminamalary bolmadyk ýolagçynyň uçar gatnawyndan peýdalanyp bilmejekdigini awiakompaniýa ýatladýar.

Kesel ýoklugyny görkezýän test barlagy uçuş wagtyna çenli 48 sagadyň içinde alnan bolmalydyr.

EL GOŞLARYŇ MÖÇBERI WE TÖLEGLERI

Ekonom klasly petekleri bolan ýolagçylaryň goşy 25 kilogramdan, ýangoşy hem 7 kilogramdan geçse, munuň üçin ýolagçy töleg etmeli bolýar. Işewür klasly petekleri bolan ýolagçylar 40 kilogram we ýanlarynda hem 7 kilogram goşy mugt alyp gidip bilerler.

Ýokarda görkezilen agramdan ýokary — 32 kilograma çenli goşy bolan ýolagçylaryň 1 ýük ýeri üçin 60 amerikan dollary tölenýär. Onuň tölegini uçuş gününde Moskwadaky we Kazandaky aeroportda tölemek bolýar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň metbugat wekilleriniň Türkiýedäki tanyşdyryş sapary

Aşgabat-Türkmenbaşy ugry boýunça goşmaça awtobus gatnawy ýola goýuldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Ženewada BSGG-niň Assambleýasyna gatnaşdy

Özbegistan Bahreýn, Kuweýt we Oman üçin wizany ýatyrýar

Aşgabat-Almaty uçar gatnawlaryny täzeden ýola goýmak meýilleşdirilýär

Aşgabat-Balkanabat, Türkmenabat-Balkanabat, Mary-Balkanabat we Daşoguz-Balkanabat gatnawlary ýola goýulýar