DÜNÝÄ

Türkmenistan ABŞ-daky wiza möhleti bozulmalarynda iň az düzgün bozan ýurt

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Içerki Howpsuzlyk Departamenti (DHS) tarapyndan 2023-nji maliýe ýyly üçin neşir edilen “Entry/Exit Overstay Report Fiscal Year 2023 Report to Congress” resmi hasabatyna görä, Türkmenistanyň raýatlary ABŞ-da wiza möhletinden artyk galan ýagdaýlary boýunça san taýdan dünýäniň iň az düzgün bozan ýurtlarynyň hatarynda ýerleşýär.
Türkmenistan dünýä derejesinde diňe 0,05% paý bilen örän pes derejede düzgün bozýan ýurt hökmünde kesgitlenýär. Geliň “Visa Waiver Program” girmeýän ýurtlar boýunça Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Içerki Howpsuzlyk Departamenti (DHS) tarapyndan 2023-nji maliýe ýyl üçin (FY 2023) neşir edilen resmi hasabaty seljereliň:

 1. Syýahat we Iş Wizalary (B1/B2)
  • Dünýäde wiza möhletini bozan syýahatçylar: 314 110 adam
  • Türkmenistandan bozan: 142 adam
  • Türkmenistanyň paýy: %0,045
Bu san bilen Türkmenistan, san taýdan örän pes derejede düzgün bozýan ýurtlar bilen deň derejede durýar:

 2. Talyp alyş-çalyş maksatnamalary (F/M/J)
  • Dünýäden galp galan talyplar: 49 414 adam
  • Türkmenistandan galp talyplar: 45 adam
  • Türkmenistanyň paýy: %0,09
Bu bolsa Türkmenistany dünýäniň iň az düzgün bozan ýurtlarynyň biri hökmünde görkezýär. Ýüzdelik görnüşde görkeziji (21,74%) ýokary görünýär, ýöne bu diňe 207 talyp bilen çäklendirilen jemgyýetde 45 adam galp galanlygy sebäpli ýüze çykýar.

 3. Umumy Syn (Syýahatçy + Talyp)
  • Dünýäde jemi wiza düzgünini bozanlar: 363 524 adam
  • Türkmenistandan jemi düzgün bozan: 187 adam
  • Türkmenistan paýy: %0,051
Bu maglumat Türkmenistan raýatlarynyň ABŞ’daky wiza düzgünlerini bozmak boýunça dünýä derejesinde örän az paý alýandygyny görkezýär.

 Netije:
Türkmenistan göterim babatda ýokary ýaly görünse-de:
  • B1/B2 (syýahatçy/iș) wiza bozulmalarynda dünýäniň diňe %0,045-i,
  • F/M/J (talyp) wiza bozulmalarynda diňe %0,09-y,
  • Umumy ýagdaýda bolsa diňe %0,051-i türkmen raýatlaryndan gelip çykýar.
 Türkmenistan san taýdan hem diňe 142 (syýahatçy) + 45 (talyp) = 187 adam bilen, dünýäniň iň az düzgün bozýan ýurtlarynyň hatarynda durýar. Bu san bilen Türkmenistan, käbir wizadan boşadylan ýurtlaryndan (VWP) hem pes görkeziji bolup durýar.

Ýene-de okaň

ABŞ 75 döwletiň raýatlary üçin immigrasiýa wizalaryny wagtlaýyn togtadýar

Täze Amerikan wiza çäklendirmesi öňki käbir ýurtlardaky gadagançylygy aradan aýyrýarmy?

Türkmenistan Ýewropa Bileleşigi bilen netijeli hyzmatdaşlygyň tarapdary

Germaniýa bilen Hindistan 27 ylalaşyk baglaşdy

Kanadanyň Premýer-ministri 8 ýyldan soň ilkinji gezek Hytaýa barar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda Türkiýäniň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi