BIZNES

Türkmenistan A-98 awtobenzinini eksport edýär

Türkmenistan EURO-5 we EURO-6 ülňülerine laýyk gelýän A-98 awtobenzinini eksport edip başlady, onuň ilkinji tapgyry BAE-den we Owganystandan gelen işewürlere satyldy.

A-98 awtobenzininiň ilkinji tapgyrlarynyň dünýä bazarlaryna çykarylyşy barada geçen anna güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wize-premýer Ş.Abdrahmanow habar berdi.

Mejlisiň barşynda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçirilen geleşikler barada hasabat berildi, şonuň esasynda nebit önümleri BAE-niň we Owganystanyň kompaniýalary tarapyndan satyn alyndy.

Wise-premýer Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen nebit önümleriniň täze görnüşleriniň ýerlenilişi barada hasabat berdi. Zawodlar toplumynda çig nebitiň gaýtadan işlenilýändigi, ýokary hilli önümleriň çykarylýandygy hem-de dünýä bazarlarynda EURO-5, EURO-6 ýaly ýokary ekologik talaplara doly laýyk gelýän A-98 kysymly awtoulag benzininiň ilkinji möçberleriniň ýerlenilişi barada maglumat berildi.

Related posts

Eksport nyrhy arzanlaýar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan ilkinji gezek “akylly” telewizorlary eksport edýär

Pileçilerimiz Watan harmanyna 2100 tonnadan gowrak pile tabşyrdy