PEÝDALY MASLAHAT

«Türkmenhowaýollary» Agentliginiň edaralarynyň sorag-jogap gulluklarynyň aragatnaşyk maglumatlary

Türkmenistan raýatlary üçin ýolagçylara hyzmatlaryň hilini yzygiderli kämilleşdirmek we howa ulag hyzmatlarynyň elýeterliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, «Türkmenhowaýollary» Agentligi öz maglumat infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmagy dowam etdirýär. Bu başlangyçlaryň möhüm bölekleriniň biri — degişli edaralaryň sorag-jogap gulluklaryna elýeterliligi üpjün etmekdir.
Raýatlaryň amatlylygy üçin ähli sorag-jogap gulluklarynyň telefon belgileriniň sanawy bir ýere jemlenildi. Bu aragatnaşyk belgileri uçuşlar we degişli hyzmatlar bilen baglanyşykly meseleleri çalt çözmäge kömek eder:
«Türkmenistan» awiakompaniýasy» AGPJ — 23-03-18; 23-03-15; 37-84-52; 37-84-32.
Aşgabat halkara howa menzili — 085.
Türkmenbaşy halkara howa menzili — 8-243-3-00-10.
Mary halkara howa menzili — 8-522-6-70-06; 8-522-5-27-77.
Daşoguz halkara howa menzili — 8-322-9-16-00; 8-322-9-15-00; 8-322-9-12-21; 8-322-9-11-58.
Türkmenabat halkara howa menzili — 8-422-9-45-05.
Howa gatnawlarynyň Baş gullugy — 39-17-17.
«Laçyn» myhmanhanasy — 23-86-61; 23-86-62; 23-70-46.
Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebi — 23-56-05.
Soňky ýyllarda “Türkmenhowaýollary” Agentligi ýolagçylara hyzmat proseslerine häzirki zaman tehnologiýalaryny işjeň ornaşdyrýar we raýat awiasiýasy babatda dünýä ülňülerine laýyk gelmäge çalyşýar.
Degişli edaralaryň hünärmenleri yzygiderli goşmaça okuwlary geçirip, hünär derejesini ýokarlandyrýarlar we müşderiler bilen aragatnaşygy gowulandyrýarlar. Bu bolsa ýüze çykýan meseleleri tiz çözmäge we ýolagçylara iň amatly şertleri döretmäge mümkinçilik berýär.

Ýene-de okaň

Fiziki we ýuridik şahslar tarapyndan haýyr-sahawat işiniň hem-de haýyr-sahawat bagyş etmeleriniň hukuk esaslary kabul edildi

Aşgabat bilen Awazanyň arasynda ikinji gündelik awtobus gatnawy ýola goýulýar

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda 23-nji iýundan başlap dört awtobus ugrunyň gatnajak ýoly üýtgedilýär

Türkmenistanyň syýahatçylyk kärhanalary

Aşgabatda Hytaýyň wizasy üçin onlaýn ýüz tutmak barada bildiriş

Türkmenabatda 0655 belgisi boýunça gije-gündiz işleýän «Onlaýn taksi» hyzmaty açyldy