SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

«Türkmenhowaýollary» agentligi Kuala-Lumpur şäherine ýolagçy gatnawyny artdyrýar

«Türkmenhowaýollary» agentligi tarapyndan häzirki wagtda reje boýunça ýerine ýetirilýän ýolagçy halkara gatnawlaryna islegler yzygiderli artýar.

Müşderileriň isleginiň artýandygyny nazara alyp, amala aşyrylýan halkara gatnawlaryň uçuş geografiýasyny giňeltmek we üstaşyr ýolagçy akymyny artdyrmak maksady bilen, 2024-nji ýylyň awgust aýyndan başlap, Malaýziýa döwletiniň Kuala-Lumpur şäherine hepdede 2 (iki) yzygiderli ýolagçy gatnawyny ýerine ýetirmekligi meýilleşdirilýär.

Gatnawlar hepdäniň sişenbe we penşenbe günleri ýerine ýetiriler.

Şeýle hem «Türkmenhowaýollary» agentligi Jidda şäherine hem ýolagçy gatnawlarynyň sanyny artdyrýar.

Related posts

“Tatneft” kompaniýasy Türkmenistanda lukmançylyk polipropileni öndürmäge gyzyklanma bildirýär

ABŞ doly sanjym edilen syýahatçylar üçin açyk

“Omikron” howa gatnawlaryna hem täsir edýär

Ata Watan Eserleri