TEHNOLOGIÝA

“Türkmenaragatnaşyk” agentligi 82 million manatdan gowrak maýa goýumlary özleşdirer

Şu ýylyň fewralynda tassyklanan “Türkmenistany 2025-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna” laýyklykda, “Türkmenaragatnaşyk” agentligi boýunça şu ýylda garaşylýan maýa goýumlaryň möçberi 82 million manatdan gowrak bolar. Bu barada “TDH” habar berýär.

Bu babatdaky görkezijiler “Altyn Asyr” hem-de “Aşgabat şäher telefon ulgamy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetleri boýunça, degişlilikde, 37 we 3 million manada deň bolar. Şeýle-de esasy telefon belgileriniň sanyny 613 müň birlige, öýjükli aragatnaşygyň abonentleriniň sanyny 6 müň 700-den gowrak birlige ýetirmek göz öňünde tutulýar.

Pudagyň hünärmenleri öňdebaryjy tehnologiýalara esaslanýan giň gerimli aragatnaşyk ulgamyny döretmäge, aragatnaşyk hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmaga we görnüşlerini artdyrmaga, şol sanda ýurdumyzyň iň çetki künjekleriniň ilaty üçin hem internete elýeterliligi üpjün etmäge gönükdirilen iri taslamalary durmuşa geçirýärler.

Netijede, «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasy» täzeçil usulda dowam etdirilip, welaýatlary we şäherleri sanlylaşdyrmagyň, olary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm şertine öwrülýär.

Ýene-de okaň

Dubaýda sürüjisiz taksiler synag tertibinde işläp başlady

Ata Watan Eserleri

Hytaýda ilkinji emeli aňly ýol gözegçisi işe girizdi

Belarus 2029-2030-njy ýyla çenli raýat uçaryny döretmegi meýilleşdirýär

BMG: dünýäde internet ulanyjylarynyň sany 6 milliarddan geçdi

Aşgabat-Astana: Merkezi Aziýada täze sanly ýollar dörediler

Awstraliýada 16 ýaşdan kiçi çagalar üçin jemgyýetçilik torlar gadagan edildi