BILIM

Türkmen wekiliýetiniň Rumyniýa iş sapary

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň wekiliýeti Erasmus+ maksatnamasynyň çäginde Rumyniýanyň Alba Ýulia şäheriniň “1 Decembrie 1918” uniwersitetine iş saparyny amala aşyrýar. Bu iş sapary 2025-nji ýylyň 24-nji martyndan 28-nji martyna çenli dowam eder. Iş saparyň esasy maksady mugallymlaryň degişli ugurlarda gysga möhletli okuw sapaklaryny geçmegidir.

Iş saparyň ilkinji gününde rumyn kärdeşleri bilen geçirilen duşuşyklaryň çäginde türkmen wekiliýetiniň agzalary onlaýn okuwlary kämilleşdirmekde we bilim işini dolandyrmakda täze tehnologiýalary ulanmakda tejribe alyşdylar. Taraplar, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Alba Ýulia şäheriniň “1 Decembrie 1918” uniwersitetiniň arasynda hereket edýän özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň esasynda uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşmaga, esasanam “Iki derejeli” diplom maksatnamasyna we ýokary okuw mekdebinden soňky hünär bilimini ýola goýulmagyna aýratyn üns berdiler.

Mälim bolşy ýaly, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti rumyn uniwersiteti bilen ençeme ýyl bäri üstünlikli hyzmatdaşlyk edip gelýär. Iki abraýly ýokary okuw mekdebi özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň çäginde hyzmatdaşlyk edýär. Ähtnama, bilelikdäki barlag işleri we taslamalary, bilim maksatnamalary, talyp alyş-çalyşlary hem-de hyzmatdaşlygyň beýleki ugurlaryny göz öňünde tutýar. Türkmen we rumyn ýokary okuw mekdepleri 2018-nji ýyldan bäri ylym-bilim babatyndaky hyzmatdaşlygy ösdürip gelýärler we bilelikdäki ylmy gözlegleriň çäginde halkara hukugy we kompýuter tehnologiýasy ugurlarynda mugallymlary alyş-çalyş etmek ýaly birnäçe bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirdiler.

Türkmen wekiliýeti tarapyndan amala aşyrylýan iş saparyň netijesinde Rumyniýanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekedplerinden biri bolan Alba Ýulia şäheriniň “1 Decembrie 1918” uniwersitetiniň degişli ugurlar boýunça okuw maksatnamalaryny we ylmy gözlegleri ösdürmek we kämilleşdirmek ugrundaky tejribesi öwreniler.

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Alba Ýulia şäheriniň “1 Dekabr 1918” uniwersitetiniň arasyndaky hyzmatdaşlyk, dünýä bilim giňişligine üstünlikli integrirlenmegiň ajaýyp mysalydyr. Şular ýaly bilelikdäki taslamalar bilimiň hilini ýokarlandyrmaga we Türkmenistan bilen Rumyniýanyň arasyndaky ylmy we medeni gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly goşant goşýar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda kliniki ordinatura kabul etmegiň tertibi

“Iňlis dili” dersi boýunça IV halkara internet olimpiadasy

Malaýziýanyň türkmen talyplary üçin talyp haklary mümkinçilikleri öwreniler

Garward uniwersitetinde mugt okamak mümkinçiligi: maliýe kömegini giňeldilýär

«Iň eýjejik gyzjagaz – 2025» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi

CNPC: Hytaýyň Nebit uniwersiteti üçin kabul edişlik başlandy