JEMGYÝET

Türkmen-rumyn gatnaşyklary ösdürilýär

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarowyň Rumyniýanyň Ykdysadyýet, energetika we işewürlik gurşawy ministri W.Popesku bilen onlaýn duşuşygy geçirildi.

Mähirli salamlaşanlaryndan soňra, taraplar ikitaraplaýyn gün tertibiniň derwaýys meseleleriniň ençemesini ara alyp maslahatlaşdylar. COVID-19 pandemiýasyna garşy göreş boýunça hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagynyň, şeýle-de ykdysady netijeleriniň ýeňip geçilmegi boýunça bilelikdäki hereketleriň durmuşa geçirilmeginiň mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi.

Ministrler şonuň ýaly-da Ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-rumyn toparynyň ähmiýetini nygtamak bilen, Toparyň nobatdaky mejlisini geçirmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar energetika, ulag, oba hojalygy, ýeňil senagat, bilim we ýokary tehnologiýalar ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryna hem seredip geçdiler.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Merkezi Aziýa+ASEAN” formatyny dörediler

Atagulyýew: Türkmenistan ulag geçelgeleriniň ösüşine aýratyn ähmiýet berýär

İlham Aliýew TDG-niň hökümet baştutanlary bilen duşuşdy

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini maslahatlaşdy

Türkmen wekiliýetiniň Gruziýanyň portlaryna sapary

Türkmenistanyň wekiliýeti Azerbaýjana sapar bilen bardy