SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Ýörite uçar gatnawlary dowam edýär

Türkmenistanyň hökümeti ýiti öýken sowuklama keseli sebäpli emele gelen çäklendirmeler zerarly daşary ýurtlarda galan türkmen raýatlaryny ýurdumyza getirmegi dowam etdirýär.

Ozal hem saýtymyz arkaly beren habarlarymyzdan görnüşi ýaly, Hindistan, Türkiýeden, Belarusdan, Russiýadan, Ukrainadan, Ýewropa Bileleşiginden türkmen raýatlary ýurdumyza getirildi.

Bu ugurda dowam etdirilýän işleriň netijesinde, bu gezek Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyndan 277 raýatymyz ýurdumyza gelerler. Bu barada “orient.tm” internet saýtynda bellenilip geçilýär.

“Türkmenhowaýollary” agentliginiň “Boeing 777-200” kysymly uçary bilen 28-nji oktýabrda Aşgabat-Kazan-Türkmenabat ugry boýunça 277 raýatymyz Türkmenabat şäherine geler. Türkmenabat gelen raýatlarymyz 2 hepdelik hökmany karantin çärelerine tabyn bolarlar.

Jemi 25 Baýrak Size garaşýar: Bäsleşik dowam edýär

Okap bilersiňiz

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek boýunça adatdan daşary toparyň başlygy, saglygy goraýyş we derman senagaty ministri Nurmuhammet Amannesepow bilen iş maslahatyny geçirdi.

Dowamyny okamak üçin..

Türkmenistan koronawirusa garşy 10 million dollarlyk derman serişdeleri satyn aldy

Halkara uçar gatnawlary baradaky habarlary aňsat okamak üçin Täze Applikasiýa: Ata Watan Türkmenistan applikasiýany özüňiziň Android ulgamly mobil telefonyňyza ýükläň! Ýakyn wagtda IOS ulgamynda hem applikasyýamyz hereket edip başlar. Applikasiýany ýüklemek üçin aşakdaky suratyň üstüne basyň! Ýa-da Google Plaý-dan “Atavatan Turkmenistan” gözleg edip bilersiňiz.

 

Ýene-de okaň

Alanýa sizi ultra trail halkara marafona çagyrýar

«ITB BERLIN – 2026» halkara sergisinde Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Daşary ýurt awiakompaniýalary Türkmenistanyň üsti bilen üstaşyr gatnawlary artdyrýarlar

Türkiýä bolan syýahatçylyk islegi ýokary derejede saklanýar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň raýatlary üçin “ASAN Viza” portaly türkmen dilinde işe girizildi

Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy wiza ulgamyndaky üýtgeşmeler barada habar berdi