JEMGYÝET

Türkmen halysynyň baýramy bellener

Her ýylyň soňky ýekşenbesinde ýurdumyzda Türkmen halysynyň baýramy giňden bellenilýär. Şu mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti çeper elli halyçylarymyza, ýurdumyzyň ähli halkyna, Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXII mejlisine hem-de Türkmenistanyň Söwda toplumynyň sergisine gatnaşyjylara öz Gutlag hatyny iberdi.

Öz Gutlag hatynda: “Sizi milli buýsanjymyz bolan Türkmen halysynyň baýramy, bu baýram mynasybetli geçirilýän «Arşyň nepisligi — türkmen halysy» atly türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXII mejlisiniň hem-de Türkmenistanyň söwda toplumynyň sergisiniň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.” diýip belleýän Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen milli halyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilmegi hem türkmen zenanlarynyň çeper elleriniň gudraty bilen döredilen nepis halylarymyzyň dünýä bileleşigi tarapyndan ajaýyp sungat ýadygärligi hökmünde ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasydygyny belledi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň dünýä meşhur halyçylyk sungatyny ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Bu sungaty dünýä ýaýmak, yzygiderli kämilleşdirmek, gadymy halylaryň asyl nusgalaryny gorap saklamak üçin möhüm şertler döredilýär.

Haly türkmen üçin düşek hem sungatdyr. Halynyň her bir nagşyndan türkmen zenanynyň ussatlygyny, zähmetsöýerligini görmek bolýar. Bu sungatyň nagyşlarynyň dürli görnüşde, dürli ölçegde bolmagy onda tutuş bir geçmişiň wakalarynyň, milletiň ruhy dünýäsiniň, ýaşaýyş medeniýetiniň jemlenendigini aňladýar.

Ata Watanymyz Garaşsyzlygyna eýe bolanyndan soň, halyçylygy ösdürmäge uly üns berlip başlanyldy. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda nagyşlaryndaky ýerli aýratynlygy bilen tapawutlanýan halylary dokamak üçin halyçylyk kärhanalary işe girizildi. Ol kärhanalarda nepis halylar we haly önümleri dokalýar. Paýtagtymyz Aşgabat şäherindäki Türkmen halysynyň milli muzeýinde gadymy hem häzirki zaman halylarynyň mynasyp orun tutmagy daşary ýurtdan gelýän syýahatçylary, jahankeşdeleri haýran galdyrýar.

 

Döwletjan Ýagşymyradowyň ýene-de bir tutluşygy galdy

Ýene-de okaň

“Galkynyş” topary 3 million manat pul baýragy bilen sylaglandy

“Galkynyş” toparynyň agzalaryna 1000 ýewrodan pul baýragy gowşuryldy

«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglandy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyny gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-türk toparynyň mejlisi geçiriler

Ata Watan Eserleri