JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkiýäniň energetika ministrini kabul etdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Türkiýe Respublikasynyň energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktar hem-de “BOTAŞ” kompaniýasynyň Baş direktory Abdulwahid Fidan bilen duşuşdy.

Myhmanlar duşuşmaga hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyklaryny bildirip, Türkiýe Respublikasynda Garaşsyz Türkmenistan bilen dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýändigini bellediler.

Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda türkmen tebigy gazy Eýran Yslam Respublikasynyň üstünden “swap” usuly arkaly Türkiýe Respublikasyna ugradylýar. Şeýle hem Hazar deňziniň türkmen kenarynda gurulýan utgaşykly dolanyşykda işlejek elektrik stansiýasynyň işe girizilmegi bilen, elektrik energiýasyny deňziň üstünden goňşy döwletlere, şol sanda doganlyk Türkiýe Respublikasyna we beýleki ýurtlara eksport etmek mümkinçiligi dörär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri ýurdumyzyň agzalyp geçilen ugurlar we başga-da özara gyzyklanma bildirilýän meseleler boýunça türk tarapynyň anyk tekliplerine seretmäge hem-de netijeli başlangyçlaryny goldamaga taýýardygyny aýtdy.

Ýene-de okaň

Araş, Mot we Semicenk Aşgabatda Täze ýyl konsertlerini bererler

Türkmenistanda 2026-njy ýylyň ilkinji sergisi – türk eksport harytlarynyň sergisi

“Napoli” Italiýanyň Superkubogyny gazandy

Milli Liderimiziň «Hakyda göwheri» kitabyň azerbaýjan dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyşy geçirildi

Putin: Russiýa 2026-njy ýylda Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmegine goldaw bermäge taýýar

Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň resmi däl sammitine gatnaşdy