JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri Seýed Ebrahim Raisiniň soňky ýoluna ugratmak dabarasy gatnaşdy

Şu gün Eýran Yslam Respublikasynda bolup geçen dikuçar heläkçiliginde aradan çykan Eýranyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisini hem-de ýanynda bolan ýokary wezipeli wekiliýet agzalary soňky ýoluna ugratmak dabarasy geçirilýär.

Oňa 50-den gowrak döwletden ýokary derejeli wekiliýetler gatnaşýar. IRNA habarlar gullugynyň habaryna görä, bu dabaralara gatnaşmak üçin türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen bir hatarda Kataryň Emiri, Täjigistanyň Prezidenti, Tunisiň Prezidenti, Yragyň, Pakistanyň, Ermenistanyň, Azerbaýjanyň Premýer-ministrleri, Russiýanyň, Alžiriň, Özbegistanyň, Gazagystanyň we Liwanyň parlament ýolbaşçylary Tähran şäherine bardylar.

Tähran şäherindäki matam dabarasy ýurduň Prezidentiniň wezipesini wagtylaýyn ýerine ýetiriji Mohammed Mohber tarapyndan geçirildi.

Mälim bolşy ýaly, düýn türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasyna bardy hem-de goňşy ýurduň wekillerine duýgudaşlyk bildiripdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Merkezi Aziýa+ASEAN” formatyny dörediler

Atagulyýew: Türkmenistan ulag geçelgeleriniň ösüşine aýratyn ähmiýet berýär

İlham Aliýew TDG-niň hökümet baştutanlary bilen duşuşdy

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini maslahatlaşdy

Türkmen wekiliýetiniň Gruziýanyň portlaryna sapary

Türkmenistanyň wekiliýeti Azerbaýjana sapar bilen bardy