Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynda iş saparynda bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Tatarystanyň döwlet geňeşçisi Mintimer Şaýmiýew bilen duşuşdy. Bu barada Tatarystanyň Baştutanynyň metbugat gullugy habar berýär.
Bu duşuşyk şu günler Kazan şäherinde geçirilýän “Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum — 2024” halkara ykdysady forumynyň çäklerinde bolup geçdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri we Mintimer Şaýmyýew “Russiýa — Yslam dünýäsi” strategik garaýyş toparynyň işleri barada pikir alşyp, yslam döwletleri bilen Russiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň berkidilmegi babatda özara maslahatlaşdylar.
Şeýle hem Milli Liderimiz we Tatarystanyň döwlet geňeşçisi Türkmenistan bilen Tatarystanyň arasynda durmuşa geçirilýän käbir bilelikdäki taslamalary ara alyp maslahatlaşdylar.
“KazanForum” halkara forumy Tatarystanyň paýtagty Kazan şäherinde öz işine 14-nji maýda başlap, 19-njy maýa çenli dowam edýär. 15-nji maýda forumyň esasy maksatnamasyndaky çärelere badalga berildi.
Forumyň çäklerinde 12 dürli ugur boýunça 125 çäre guralýar. Russiýanyň Prezidentiniň çözgüdi bilen “KazanForum” halkara forumyna 2023-nji ýylda federal derejesi berildi.
