JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri: Merkezi hem-de Günorta Aziýany birleşdirjek täze ulag geçelgelerini döretmek zerurdyr

“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny” atly halkara maslahatynda çykyş eden türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistandan Owganystana, ondan aňryk Pakistanyň portlaryna barýan demir ýoluň gurluşygyny muňa mysal hökmünde getirip, häzirki döwürde türkmen hünärmenleri tarapyndan gurlan, uzynlygy 115 kilometr bolan Kerki (Türkmenistan) — Andhoý (Owganystan) demir ýolunyň netijeli işleýändigini, türkmen-owgan serhedinden Hyrat şäherine çenli uzynlygy 165 kilometr bolan demir ýoluň gurluşygynyň meselelerine seredilýändigini we bu işde taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşýan taraplaryň halkara maliýe institutlary, maýa goýum gaznalary, bank edaralary we degişli guramalar bilen hyzmatdaşlygyna möhüm ornuň degişlidigini belledi.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň öňden gelýän we ygtybarly maliýe hyzmatdaşlary bolan Bütindünýä bankynyň, Aziýanyň ösüş bankynyň, Yslam ösüş bankynyň, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň, Saud Arabystanyndan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Katardan, beýleki dostlukly ýurtlardan ösüş gaznalarynyň hem-de banklarynyň Merkezi we Günorta Aziýa bilen ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen işini dowam etdirjekdigine ynam bildirip, bu maslahatyň maliýe ulgamynyň wekillerine degişli teklipleri beýan etmek üçin gowy mümkinçilik berjekdigini aýtdy.

Ýene-de okaň

«Arkadag» topary Al-Nasr» toparyna garşy duşuşyga taýýar

Türkmenistanyň Prezidenti diplomatlary hünär baýramy bilen gutlady

«Galkynyş» toparynyň Balkan topragyndaky çykyşlary

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyny gutlady

Türkmenistanyň Prezidentine Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň sylagy gowşuryldy

Türkmen halkynyň Milli Lideri ABŞ-a sapar bilen ugrady