Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet toparynyň mejlisi geçirildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Hökümet agzalarynyň gatnaşmagynda geçirilen mejlisiň dowamynda halkara çärelerine degişli guramaçylyk, hojalyk işleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Gahryman Arkadag guramaçylyk döwlet toparynda garaljak meseleler hakynda aýdyp, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramynyň golaýlap gelýändigini, bu baýramyň dabaraly ýagdaýda giňden bellenilip geçiljekdigini aýtdy. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de hemişelik Bitaraplygyň 30 ýyllygy mynasybetli ýurtda we dünýä döwletlerinde halkara çäreleriň yzygiderli geçirilýändigini belläp, türkmen halkynyň Milli Lideri şu ýylyň 12-nji dekabrynda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň wekilçilikli forumynyň Ýer ýüzünde Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik taglymatyny dünýä ýaýmakda möhüm ähmiýete eýe boljakdygyny belledi.
Bu halkara çäreni we baýramçylyk dabaralaryny ýokary derejede geçirmek üçin ähli tagallalaryň edilmelidigini we bu asylly işlere mynasyp goşandyň goşulmalydygyny belläp, Gahryman Arkadag degişli ýolbaşçylaryň gözegçilik edýän düzümlerinde bu ugurda alnyp barylýan işler baradaky hasabatlaryny diňledi.
Olarda bellenilişi ýaly, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de Bitaraplyk baýramy mynasybetli geçiriljek çäreleriň maksatnamasy işlenilip taýýarlanyldy. Oňa laýyklykda, şanly sene mynasybetli giň möçberli dabaralar geçiriler. Aýratyn-da, halkara çärelere gatnaşýan myhmanlar üçin medeni we durmuş hyzmatlarynyň ýokary derejesi hödürlener. Şeýle hem baýramçylyk günlerinde işlejek meýletinçiler toparyny düzmek we onuň düzümine göreldeli ýaş mugallymlary, işjeň talyplary seçip almak işleri ýaýbaňlandyrylar. Şol bir wagtyň özünde, halkara çärelerine gatnaşýanlaryň aragatnaşyk we internet ulgamynyň ýokary derejeli mümkinçilikleri bilen üpjün edilmegine uly üns berler.
Gahryman Arkadag hasabatlary diňläp, şanly sene mynasybetli guraljak dabaralaryň ýokary guramaçylykly geçirilmegine toplumlaýyn esasda çemeleşilmelidigini belledi hem-de bu ugurda maslahatlaryny we öwüt-nesihatlaryny berdi.
