JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gazagystanyň Prezidenti bilen duşuşdy

Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistana resmi saparyny türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen geçiren duşuşygy arkaly başlady. Bu barada Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.

Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde belent mertebeli myhmany türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli garşylady.

Gazak Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna myhmansöýerligi hem-de Gazagystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşýan şahsy goşandy üçin hoşallyk bildirdi.

Türkmen-gazak gatnaşyklarynyň okgunly ösüşine uly kanagatlanam bildiren Kasym Žomart-Tokaýew bu resmi sapayrnyň Türkmenistan bilen gatnaşyklaryny täze derejelere çykarmaga itergi berjekdigini belledi.

– Siziň ýurduňyz bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly jogapkärçilik bilen çemeleşýäris. Biz strategik hyzmatdaşlar. Siz bilelikdäki hökümetara toparynyň işi barada bellediňiz. Men hem toparyň işine seredip,  Türkmenistan bilen dostlukly gatnaşyklar biziň esasy ugrumyz bolandygy üçin Hökümete degişli tabşyryklayr berdim – diýip, Gazak Lideri belledi.

Duşuşygyň barşynda iki ýurduň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsnaperwer hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary boýunça pikir alşyldy.

Ýene-de okaň

Özbegistanyň daşary işler ministri Aşgabada geldi

Türkmenistanda Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini geçirmäge taýýarlyk işleri başlady

Türkmenistanda ýokary derejeli halkara duşuşyklar we GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň sammiti geçiriler

Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirine gynanç bildirdi

Dalaşgär-2026: ýokary okuw mekdepleriniň sanawy

Ata Watan Eserleri

Ispaniýa ýarym finalda Fransiýa bilen duşuşar