JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri we Gazak Lideri Abaýyň ýadygärligini açdylar

Şu gün Gazagystanyň Prezidenti Kasym Žomart-Tokaýewiň Türkmenistana amala aşyrýan resmi saparynyň çäklerinde Aşgabatda meşhur gazak şahyry we akyldary Abaý Kunanbaýulynyň ýadygärligi açyldy. Açylyş dabarasynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

Gazagystanyň Prezidentiniň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, Gazak Lideri öz ýurdunyň beýik şahsyýetiniň ýadygärliginiň açylmagynyň türkmen halkynyň gazak halkyna goýýan aýratyn hormatynyň nyşandygyny belledi.

Kasym Žomart-Tokaýew şu ýyl Astanada beýik türkmen akyldary Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň açylandygyny belläp, Magtymguly Pyraga uly mähir bilen garaýandyklaryny we onuň döredijiliginiň ähli türki halklary üçin umumydygyny aýtdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz aşgabadyň iň gözel seýilgähleriniň birinde gazak halkynyň görnükli şahyry Abaý Kunanbaýulynyň ýadygärligini açýandyklaryny aýdyp, biziň halklarymyzyň dünýäniň medeni we ruhy gymmatlyklaryna uly goşant goşandygyny belledi.

Bu dabara Türkmenistanyň döredijilik intelligensiýasynyň wekilleri, Gazagystanyň resmi wekiliýetiniň agzalary gatnaşdy.

Dabarada “Galkynyş” aýdym-saz topary “Türkmen-gazak dostlugy” kompoziýasyny ýerine ýetirdi.

Ýene-de okaň

Putin bilen Tramp telefon arkaly söhbetdeş boldy

Türkmenistanyň Prezidenti Donald Trampy doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanda birnäçe kodekslere we kanunlara üýtgetmeler giriziler

Türkmenistanyň başlangyjy bilen “BMG-niň oýunlary-2026” badalga aldy

Eýranyň daşary işler ministriniň orunbasarynyň Aşgabada sapary

Malaýziýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistana resmi sapary bolar