JEMGYÝET

Gazak Lideri «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglandy

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistana resmi sapary başlandy. Bu taryhy saparyň çäklerinde Aşgabatda meşhur gazak şahyry we akyldary Abaý Kunanbaýulynyň ýadygärligi açyldy. Açylyş dabarasynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

Şol dabarada türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny gowşurdy.

Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa hem-de türkmen halkyna «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglandyklary üçin hoşallygyny bildirdi.

Gazak Lideri bu medalyň iki halkyň arasyndaky dostlugyň we özara düşünişmegiň nyşany bolup hyzmat etjekdigini belledi.

Mälim bolşy ýaly, ertir ýurdumyzda  Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan “Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara forumy geçiriler.

Ýene-de okaň

Ispaniýa ýarym finalda Fransiýa bilen duşuşar

Türkmenistanda ýolbaşçylar 1-nji awgustdan dynç alşy çykarlar

Dalaşgär-2026: dalaşgärler üçin saglyk öýleri

Dalaşgär-2026: Giriş synaglary üçin zerur bolan resminamalar

Türkmenistanda 2026-2027-nji okuw ýyly üçin okuwa kabul ediş möwsümi başlaýar

Balkan we Mary welaýatlaryna täze häkimler bellendi