BIZNES

Yrak türkmen gazy üçin Dubaý kompaniýasy bilen şertnama baglaşar

Yrak özüniň elektrik stansiýalaryny ýangyç bilen üpjün etmek maksady bilen  Türkmenistanyň tebigy gazyny Eýranyň üsti bilen almak babatdaky shemany tassyklady. Bu barada Yragyň habar gullugy habar berýär.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurduň Premýer-ministri Mohammed Al-Sudani ýolbaşçylygyndaky hökümet Türkmenistanyň tebigy gazyny Eýranyň üsti bilen “swop” görnüşinde import etmek babatda Dubaýda hereket edýän “Loxstone Energy Company” energiýa kompaniýasy bilen şertnama baglaşylmagyna ygtyýar berdi.

Yragyň Energetika ministrligi ýurduň hökümetiniň tabşyrygy esasynda “Loxstone Energy Company” energiýa kompaniýasy bilen şertnama baglaşar.

Tebigy gazy üpjün ediji ozal gazanylan özara düşünişmek hakyndaky ähtnama laýyklykda, “Türkmengaz” döwlet konserni bolup durýar. tölegler boýunça Yragyň Maliýe ministrligi zerur bolan maliýe serişdelerini öz wagtynda bölüp berer. Döwlet edarasy salgytlar we ýygymlar bilen baglanyşykly çykdajylary öz üstüne alýar.

2024-nji ýylyň iýulynda Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda ýyllyk 10 milliard kubmetr tebigy gazy almak-satmak boýunça şertnama baglaşylypdy. Şol şertnama laýyklyk,da Türkmenistan Yragy Eýranyň üsti bilen “swop” görnüşinde tebigy gaz iberer.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda 6 aýda 39 milliard kubmetrden gowrak tebigy gaz öndürildi

Azerbaýjan bilen Türkmenistan ykdysady hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdy

Täjigistan türkmen telekeçilerini erkin ykdysady zolaklaryň mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdy

Türkmenistan we Niderlandlar gämi gurluşygyndaky strategik hyzmatdaşlygy giňeldýärler

Türkmenistanyň serhetüsti ýük dolanşygynyň möçberleri ýokarlandy

Türkmen-täjik işewürler geňeşiniň mejlisi geçiriler