Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasyna bardy. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýran Yslam Respublikasynyň ilçihanasyna baryp, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Saýed Ebrahim Raisiniň, daşary işler ministri Huseýn Amir Abdollahian we beýleki eýranly resmi adamlaryň aradan çykmagy zerarly çuňňur gynanjyny bildirdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Eýranyň Türkmenistandaky ilçisi bilen söhbetdeş bolup, Ebrahim Raisiniň görnülik syýasatçy bolandygyny belläp, Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmekde we ösdürmekde ägirt uly şahsy goşandyny goşandygyny belledi.
Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranda bolup geçen pajygaly wakalar sebäpli hatyra kitabynda ýazgy galdyrdy.
Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça daşary işler ministri Raşid Meredow hem ilçihana baryp, Türkmenistanyň Hökümetiniň adyndan gynanjyny bildirdi.
Mundan başga-da, Türkmenistanda akkreditrirlenen daşary ýurtlaryň ilçileri hem Eýranyň ilçihanasyna baryp, öz ýurdunyň adyndan gynanjyny bildirip, hatyra kitabyna ýazgy galdyrdy.

