JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri bilen Şawkat Mirziýoýewiň telefon söhbetdeşligi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Onuň barşynda soňky ýyllaryň dowamynda däp bolan,  ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde üstünlikli ösdürilýän döwletara hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwletara hyzmatdaşlygymyz  diňe bir ikitaraplaýyn gatnaşyklarda däl-de,  Türkmenistanyň we Özbegistanyň bilelikde işjeň gatnaşýan hem-de umumy maksatlary öňe sürýän köptaraplaýyn formatlarynyň çäklerinde hem oňyn syýasy netijelerini berýär.

-Biz şu ýyl Özbegistanda  “Merkezi Aziýa–Ýewropa Bileleşigi” hem-de “Merkezi Aziýa—Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi” sammitleriniň, şeýle hem Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň geçirilmegini doly goldaýarys diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we bu halkara çärelere taýýarlyk görmek hem-de olary ýokary derejede geçirmek ugrunda bilelikde netijeli işleriň alnyp baryljakdygyna ynam bildirdi.

Gahryman Arkadagymyz 4-nji aprelde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň hem-de Ýewropa Bileleşiginiň ýolbaşçylarynyň Samarkantda geçiriljek duşuşygy baradaky meseläniň üstünde durup geçmek bilen, özüniň “Euronews” telekompaniýasynyň habarçysy bilen ýakynda geçirilen söhbetdeşliginde şunuň ýaly ýokary derejeli ilkinji Sammitiň sebitimiziň Ýewropa bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek nukdaýnazaryndan aýratyn ähmiýete eýedigini belländigini ýatlatdy.

Şunuň bilen baglylykda,  forumyň gün tertibi, onuň maksatnamasyny hem-de   ýokary derejedäki duşuşygyň netijeleri boýunça kabul edilmegi meýilleşdirilýän resminamalary taýýarlamak boýunça bilelikde işlemäge taýýarlyk beýan edildi. Häzirki wagtda biziň diplomatlarymyz hem-de hünärmenlerimiz Birinji  “Ýewropa Bileleşigi—Merkezi Aziýa” Sammitiň netijeleri boýunça Bilelikdäki jarnamanyň hem-de “Meýiller hakynda Jarnama. Aýratyn möhüm çig mal ulgamynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak”  resminamasynyň ýazgylaryny taýýarlamak işlerini tamamlap barýarlar.

Türkmen tarapynyň “Merkezi Aziýa ählumumy wehimler bilen ýüzbe-ýüz: umumy abadançylygyň bähbidine raýdaşlyk”  atly halkara maslahatynyň işine hem işjeň gatnaşmagy meýilleşdirýändigi bellenildi. Bu maslahat 4-5-nji aprelde geçiriljek Sammtiň çäklerinde guralar. Şeýle hem biziň bilermenlerimiz we degişli döwlet düzümleriniň ýolbaşçylary “Merkezi Aziýanyň “ýaşyl” ösüş Konsepsiýasynyň” taslamasyny taýýarlaýarlar.

-Görnüşi ýaly, garaljak meseleleriň gerimi örän giň hem-de olaryň hemmesi möhümdir. Şunuň bilen baglylykda, 27-nji martda Aşgabatda geçiriljek “ÝB-Merkezi Aziýa”  formatynyň daşary işler ministrleriniň duşuşygynyň barşynda bu meseleleri giňişleýin ara alyp maslahatlaşmak hem-de döwlet Baştutanlary üçin gutarnykly çözgütleri taýýarlamak  dogry bolar diýip hasaplaýaryn diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow söhbetdeşligiň dowamynda belledi.

-Eger-de, Sammiti geçirýän ýurt hökmünde Özbegistanyň daşary syýasat edarasy Prezidentleriň duşuşyklary bilen baglanyşykly ähli meseleleri ylalaşmak boýunça işleri öz üstüne alsa hem-de biziň sebitimiziň daşary işler ministrlikleri bilen degişli işleri geçirse, munuň özi  Sammiti üstünlikli we netijeli geçirmegiň kepili bolar. Biz bu meselede özbek doganlarymyza hemmetaraplaýyn goldaw bermäge taýýardyrys diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam etdi.

 

Ýene-de okaň

Araş, Mot we Semicenk Aşgabatda Täze ýyl konsertlerini bererler

Türkmenistanda 2026-njy ýylyň ilkinji sergisi – türk eksport harytlarynyň sergisi

“Napoli” Italiýanyň Superkubogyny gazandy

Milli Liderimiziň «Hakyda göwheri» kitabyň azerbaýjan dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyşy geçirildi

Putin: Russiýa 2026-njy ýylda Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmegine goldaw bermäge taýýar

Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň resmi däl sammitine gatnaşdy