JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherinde geçirilen köpçülikleýin bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň yhlasyndan binýat bolan Arkadag şäheriniň ählihalk bag ekmek dabarasynyň güýzki möwsümine badalga berildi. Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda geçirilen umumymilli çäre halal zähmetiň joşguny we belent ruha beslenen aýdym-sazly dabaralar bilen utgaşykly dowam etdi.

Häzirki döwürde ösüşleriň belentliklerine tarap ynamly gadam urýan ýurdumyzyň çar künjeklerinde, oba-şäherlerinde giň möçberli tokaý zolaklaryny, döwrebap seýilgähleri döretmek Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrüldi.

Ýurdumyzda ählihalk bag ekmek dabarasynyň ýazky hem-de güýzki möwsümleriniň geçirilmegi asylly däbe öwrüldi. Munuň özi döwlet Baştutanymyzyň ekologiýa syýasatynyň rowaçlyklara beslenýändigini görkezýär. Häzirki döwürde daşky gurşawy goramak, ýurdumyzyň tebigy serişdelerine aýawly çemeleşmek we ýakymly howa gurşawyny döretmek meselelerine döwlet derejesinde ähmiýet berilýär.

Dabaraly çäräniň dowamynda aýdymçylar bilen «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň gatnaşmagynda edebi-sazly kompozisiýa ýaýbaňlandyryldy. Bu bolsa dünýäde belent şöhrata mynasyp bolan ahalteke bedewleriniň gözelligi bilen ynsan kalbyna oňyn täsir edýän ýakymly owazlaryň özboluşly sazlaşygyny döredýär.

Berkarar ýurdumyzda ählihalk bag ekmek dabaralarynyň her ýylda geçirilmegi mähriban Watanymyzyň çar künjeginiň bagy-bossanlyga öwrülmegini şertlendirýär. Bu işleriň Arkadag şäherinde hem talabalaýyk alnyp barylmagy, täze şäheriň binalarynyň bu künjegiň tebigy aýratynlyklary bilen sazlaşygyny üpjün edýär.

Ýene-de okaň

Türkmen bedewi GDA halklaryny birleşdirýär

Ata Watan Eserleri

Koreýanyň öňdebaryjy neşiri Türkmenistanyň daşary syýasatyndaky gazanan üstünliklerini beýan etdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň täze saýlanan Beýik liderini gutlady

16-njy aprel: Döwletjan Ýagşymyradow Taýson Pedro bilen duşuşar

Ata Watan Eserleri

Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentine hoşallyk bildirdi

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: Dubaý we Jidde gatnawlary 1-nji aprele çenli ýatyryldy

Ata Watan Eserleri