JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampa minnetdarlyk bildirdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan» gaz geçiriji taslamasynyň «Arkadagyň Ak ýoly bilen Serhetabat – Hyrat» gaz geçirijisiniň Owganystanyň Hyrat welaýatyna barýan nobatdaky tapgyryna ak pata berdi.

Bu möhüm taslamanyň nobatdaky tapgyryna ak pata beren türkmen halkynyň Milli Lideri dabarada eden çykyşynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampa öz minnetdarlygyny bildirdi.

Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan» gaz geçiriji taslamasyny ilkinji bolup goldan döwletleriň biri hem Amerikanyň Birleşen Ştatlary bolup durýandygyny belläp,  gaz geçiriji taslamasynyň konsultant-maslahatçysy bolup çykyş edýän Amerikanyň «Brownstein» kompaniýasynyň goşandyny belledi, şeýle hem «Brownstein» kompaniýasy bu ägirt uly taslamany durmuşa geçirmekde öz gymmatly, peýdaly maslahatlaryny berýändigini aýtdy.

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýokary derejede geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça III halkara maslahaty Türkmenistanyň halkara abraýyny has-da artdyrandygyny bellän Gahryman Arkadagymyz bu halkara maslahaty bilen bagly Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Tramp hem öz gutlagyny iberendigini belläp geçdi.

Şeýle hem, Milli Liderimiz pursatdan peýdalanyp, ýurdumyzda geçirilýän uly ähmiýetli halkara maslahatlary goldap, öz gutlagyny iberendigi, şeýle hem «Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan» gaz geçiriji taslamasyny goldaýandygy üçin Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampa tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Ýene-de okaň

Türkmen döwlet maliýe institutyna täze rektor bellendi

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutyna täze rektor bellendi

Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýanyň Baştutanyny diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bilen gutlady

Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Merkezi Aziýa+ASEAN” formatyny dörediler

Atagulyýew: Türkmenistan ulag geçelgeleriniň ösüşine aýratyn ähmiýet berýär

İlham Aliýew TDG-niň hökümet baştutanlary bilen duşuşdy