JEMGYÝET

Türkmen gazynyň Eýranyň üsti bilen beýleki ýurtlara iberilmegi maslahatlaşyldy

Eýran Yslam Respublikasynyň nebit ministri Jawad Owji Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi Aşyrguly Begliýew bilen duşuşdy.

Eýranyň “Mehr” we “Shana” habarlar gulluklarynyň habaryna görä, nebit ministri Jawad Owji duşuşykda eden çykyşynda: “Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň ýolbaşçylygyndaky 13-nji hökümetiň energetika diplomatiýasy babatda uly üstünlikler gazandy. Türkmenistandan Azerbaýjana Eýranyň üsti bilen tebigy gaz alyş-çalyş ylalaşygy gazanyldy. Bu ylalaşyk esasynda ýyllyk 1,5-dan 2 milliard kubmetre çenli tebigy gazyň alyş-çalşygy göz öňünde tutulýar” diýip belledi.

Ol özüniň golaýda Azerbaýjana amala aşyran saparynda azerbaýjan tarapynyň Türkmenistandan gaz alyş-çalşygyny iki esse artdyrmak babatda başlangyç bilen çykyş edendigini we Eýranyň muny goldandygyny mälim etdi.

Nebit ministri Türkmenistan tarapy bilen geçirilen duşuşykda hem türkmen tarapynyň tebigy gaz alyş-çalşygyny Azerbaýjana we beýleki ýurtlara artdyrmak babatda teklip bilen çykyş edendigini we Eýranyň muňa taýýardygyny belläp geçdi.

Şeýle hem Jawad Owji Eýranyň Türkmenistana tebigy gaz boýunça tölegleriniň hem ara alyp maslahatlaşylandygyny belläp, “Ylalaşyklara görä, Yraga iberilen gaz eksportundan emele gelen bergileriň Yrak tarapyndan Türkmenistana iberiler” diýip belledi.

Eýran tarapy Türkmenistana nebitgaz pudagynda Eýranyň kompaniýalarynyň tehniki we inženerçilik hyzmatlaryny bermäge, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmäge gatnaşmaga, nebithimiýa desgalaryny gurmaga taýýardygyny beýan etdi.

 

Türkmenistan bilen Eýran ulag gatnawlaryny dikeldýär

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň raýatlary üçin Hytaýda talyp hakly okamak mümkinçiligi

Gazagystan Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň Prezidentine gynanç bildirdi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Ýakyn Gündogardaky ýagdaýa aladalanma bildirýär

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Jidde we Dubaýa gatnawlary wagtlaýyn togtatdy

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri bedew atlar bilen didarlaşdy

Ata Watan Eserleri