Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Permanyna laýyklykda, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň rektory Aknabat Atabaýewa başga işe geçmegi sebäpli eýeleýän wezipesinden boşadyldy.
“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, döwlet Baştutanyň gol çeken Permanyna laýyklykda, Baýram Taňryberdiýew Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň rektory wezipesine bellenilip, ol Türkmen döwlet maliýe institutynyň rektory wezipesinden boşadyldy.
Aknabat Atabaýewa 2022-nji ýylda Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň rektory wezipesine bellenilip, Mary welaýatynyň häkiminiň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasary wezipesinden boşadylypdy.
INSTITUT BARADA…
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda häzirki wagtda hünärmenleri taýýarlamak Ykdysadyýet, Maliýe, Menejment we Marketing fakultetlerinde alnyp barylýar, şeýle-de Hünäri ýokarlandyryş fakulteti bolup, onda ministrlikleriň, pudak edaralarynyň, bank ulgamynyň we dürli kärhanalaryň hünärmenleri goşmaça taýýarlyk okuwyny geçýärler. Institutda Buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit, Statistika, Ykdysadyýet we hukuk, Ykdysady nazaryýet, Maliýe, Bank işi, Sanly ykdysadyýet, Menejment, Maglumat ulgamlary, Dünýä ykdysadyýeti, Marketing, Zähmetiň ykdysadyýeti ýaly gutardyş kafedralary hereket edýär. Şonuň ýaly-da Jemgyýeti öwreniş ylymlary, Daşary ýurt dilleri, Ýokary matematika we informatika, Bedenterbiýe ýaly fakultetara kafedralar hereket edýär.
