JEMGYÝET

Türkmen alabaýynyň baýramy döredildi

Hormatly Prezidentimiziň gol çeken Permanyna laýyklykda, Türkmen alabaýynyň baýramy döredildi. Bu baradaky resminama “Watan” habarlar gepleşiginde okalyp geçildi.

Milli Liderimi Türkmen alabaýynyň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak hem-de milli itşynaslygy ösdürmek, şeýle hem kämilleşdirmek maksady bilen degişli Permana gol çekdi.

Şol reminama laýyklykda, Türkmen alabaýynyň baýramyny döredildi. Türkmen alabaýynyň baýramyny her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen bilelikde bellemek göz öňünde tutuldy. Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi Halkara Türkmen alabaý itleri assosiasiýasy bilen bilelikde Türkmen alabaýynyň baýramyny ýokary derejede guramaçylykly bellenip geçilmegini üpjün eder.

Şeýle hem ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri Türkmen alabaýynyň baýramyny dabaraly ýagdaýda bellenilip geçilmegine ýardam berer.

Atavatan Applikasiýasy täzelendi: Intellektual sahypamyz goşuldy

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Merkezi Aziýa+ASEAN” formatyny dörediler

Atagulyýew: Türkmenistan ulag geçelgeleriniň ösüşine aýratyn ähmiýet berýär

İlham Aliýew TDG-niň hökümet baştutanlary bilen duşuşdy

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini maslahatlaşdy

Türkmen wekiliýetiniň Gruziýanyň portlaryna sapary

Türkmenistanyň wekiliýeti Azerbaýjana sapar bilen bardy