JEMGYÝET

Türkmen alabaýynyň baýramy bellener

Onlaýn görnüşinde «Türkmen alabaý itleri» Assosiasiýasynyň esaslandyryjy mejlisi geçirildi we Ermenistandan, Belarusdan, Gruziýadan, Eýrandan, Hytaýdan, Russiýadan, Türkiýeden, Fransiýadan, Özbegistandan we Ukrainadan bolan daşary ýurtly wekiller Assosiasiýanyň agzalygyna kabul edildi diýlip Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan habarynda aýdylýar.

Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasy döredilýär

Onlaýn  görnüşinde geçen mejlise  dünýäniň 10-dan gowrak ýurtlaryndan öňdebaryjy hünärmenler we itşynaslar gatnaşdylar. Mejlise jemi 200 golaý wekil gatnaşdy.

Mälim bolşy ýaly, 2020-nji ýylyň 1-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjyny durmuşa geçirmek maksady bilen Aşgabatda «Türkmen alabaý itleri» Assosiasiýasy döredildi.

Gün tertibine laýyklykda, mejlisiň başynda oňa gatnaşyjylar Assosiasiýanyň üýtgedip gurulmagy, şonuň ýaly-da onuň binýadynda Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň döredilmegi bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Bu mesele mejlise gatnaşyjylaryň ählisi tarapyndan biragyzdan goldanyldy.

Mejlisiň birinji böleginde çykyş edenler bu ýörite ugurly assosiasiýanyň döredilmeginiň, indi bolsa oňa halkara derejesiniň berilmeginiň milli itşynaslygymyzyň iň naýbaşy tejribeleriniň we dessurlarynyň ösdürilmegine, itleriň bu tohumynyň ulgamlaýyn, ylmy taýdan esaslandyrylan binýatda kemala getirilmegine, itleriň milli tohumçylygynyň öňdebaryjy usullarynyň, şeýle hem bu ulgam boýunça dünýä ylmynyň häzirki zaman gazananlarynyň hemmetaraplaýyn peýdalanylmagyna we has hem giňeldilmegine aýratyn itergi berjekdigini nygtadylar.

Mundan başga-da, çäräniň barşynda guramanyň Tertipnamasy hem-de Ermenistandan, Belarusdan, Gruziýadan, Eýrandan, Hytaýdan, Russiýadan, Türkiýeden, Fransiýadan, Özbegistandan we Ukrainadan bolan daşary ýurtly wekiller Assosiasiýanyň agzalygyna kabul edildi. Şonuň ýaly-da, Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň we Gözegçilik–derňew toparlarynyň agzalary saýlanyldy. Mejlisiň dowamynda oňa gatnaşyjylaryň biragyzdan ses bermeginde Assosiasiýanyň ýurdumyzyň Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlary hem-de Aşgabat şäheri boýunça bölümleri döredildi we olaryň başlyklary saýlandy.

Baý tejribesiniň hem-de ýurdumyzda itşynaslygy ösdürmekde ähmiýetli goşandynyň nazarda tutulmagynda, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministri S.Berdimuhamedow Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Başlyklygyna biragyzdan saýlandy. Assosiasiýanyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygynyň orunbasary wezipesine hususy itşynas A.Ýazmyradow saýlanyldy.

Nobatdaky mejlis geljek ýylyň aprel aýynda

Mejlise gatnaşyjylaryň biragyzdan ses bermeginde Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň nobatdaky mejlisini Aşgabat şäherinde geljek ýylyň aprel aýynyň soňky ongünlüginde geçirmek we şunuň bilen birlikde hem aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen alabaýynyň baýramyny bellemek ylalaşyldy.

Çäräniň çäklerinde şeýle-de Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmen alabaýy” atly kitabynyň arap dilindäki nusgasynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Çykyşlaryň dowamynda türkmen alabaýlarynyň ösdürilip ýetişdirilmegine we giňden tanadylmagyna berýän hemmetaraplaýyn goldawy hem-de ýadawsyz tagallalary üçin Türkmenistanyň Hormatly Prezidentine minnetdarlyk sözleri aýdyldy.

Mälim bolşy ýaly, Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň esaslandyryjy mejlisiniň hem-de Milletimiziň Lideriniň “Türkmen alabaýy” atly kitabynyň arap dilindäki nusgasynyň tanyşdyrlyş dabarasynyň geçirilmegi türkmen halkynyň bu naýbaşy milli gymmatlygynyň giňden tanadylmagynda aýratyn waka bolup durýandyr.

Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň 2019-njy ýylda neşirden çykan «Türkmen alabaýy» kitaby ähmiýetli ylmy-barlag materiallarynyň toplumyna esaslanan bolup, türkmen halkynyň milli baýlygynyň – türkmen alabaýlarynyň düýpli öwrenilmegine uly goşant goşýandyr. Köp ýyllyk çuňňur saýlawlaryň netijesinde kemala getirilen itleriň bu özboluşly tohumy mähirli gatnaşyklara, söýgä we dostluga aýratyn duýgurdyr. Türkmen halkynyň milli ruhy aýratynlyklary hakyndaky eserleriň giň toplumynyň üstüni ýetiren Döwlet Baştutanymyzyň bu kitabyndan itleriň bu tohumynyň kemala gelşi hem-de ösüşi dogrusyndaky ylmy esasly ähmiýetli maglumatlary tapmak bolýar. Indi arap dilinde hem elýeterli bolan bu neşir ylmy maglumatlara laýyklykda ýaşy üç müňden alty müň ýyla barabar bolan alabaýlaryň medeni özboluşlylyklaryny jikme-jik açyp görkezýändir.

Çäräniň soňunda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler.

Söýgi – durmuşyň özeni : “Ata Watan Eserleri” bäsleşigi

Ýene-de okaň

Türkmen kinoçylary Täze ýyl üçin täze filmler döredýär

Täze ýyl arçasyny bezemegiň düzgünlerini berjaý edeliň!

Awtomobil sport toplumynyň täze binalar toplumy gurlar

Malaýziýanyň Premýer-ministri: Magtymgulynyň goşgulary malaý diline terjime edilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan-Malaýziýa gepleşikleri: möhüm resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň Premýer-ministri bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri