JEMGYÝET

Türkiýeli aýdymçylar Türkmenistana geldi

Türkiýeli ýyldyz aýdymçylar Burak Bulut bilen Kurtuluş Kuş Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli Aşgabat şäherine geldiler. Ol türkmen halkynyň myhmansöýerligi bilen garşylandy. Bu barada Halkara habarlar merkezi habar berýär.

Burak Bulut bilen Kurtuluş Kuş Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli Aşgabat şäherindäki Gyşky oýunlar sport toplumynda konsert bilen çykyş ederler.

Konsert 18:00-da başlanar.

Soňky döwürleriň iň meşhur aýdymçylarynyň birine öwrülen Burak Bulut ozal Aşgabadyň suratlaryny we wideoýazgylary görüp, haýran galandygyny belledi.

Şeýle hem türk aýdymçylary Täze ýylyň Türkmenistanyň halkyna hem-de tutuş türki dünýäsine agzybirlik, bagt we abadançylyk eçilmegini arzuw etdiler.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Merkezi Aziýa+ASEAN” formatyny dörediler

Atagulyýew: Türkmenistan ulag geçelgeleriniň ösüşine aýratyn ähmiýet berýär

İlham Aliýew TDG-niň hökümet baştutanlary bilen duşuşdy

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini maslahatlaşdy

Türkmen wekiliýetiniň Gruziýanyň portlaryna sapary

Türkmenistanyň wekiliýeti Azerbaýjana sapar bilen bardy