HABARLAR

Türkiýede ýokary okuw mekdebini tamamlan daşary ýurtly uçurymlar üçin ýaşamak rugsady 2 ýyla çenli uzaldyldy

Türkiýe Respublikasynyň Ýokary Bilim Geňeşi (YÖK) 2026-njy ýylyň 2-nji awgustynda daşary ýurtly uçurymlaryň gysga möhletli ýaşamak rugsady bilen bagly möhüm resmi haty çap etdi. Täze düzgün bilen, Türkiýede ýokary okuwyny tamamlan halkara uçurymlaryna ýaşamak rugsadyny goşmaça 1 ýyl uzaltmak mümkinçiligi döredildi.
Resmi hatda bellenilişine görä, 6458 belgili “Daşary ýurtlular we halkara gorag hakynda” Kanunyň 31-nji maddasynyň esasynda, Türkiýede ýokary okuwyny tamamlan we okuwy gutaran senesinden başlap 6 aýyň dowamynda ýüz tutan daşary ýurtlylar üçin ozal bir gezek berilýän 1 ýyllyk gysga möhletli ýaşamak rugsady, degişli şertleri ýerine ýetiren ýagdaýynda goşmaça 1 ýyl uzaldylyp bilner. Şeýlelikde, umumy ýaşamak rugsadynyň möhleti 2 ýyla çenli ýetiriler.
YÖK bu üýtgeşmäniň maksadynyň halkara uçurymlaryň magistratura we doktorantura ýaly ýokary derejeli bilimlerini dowam etdirmeklerine, ylmy-barlag işlerini alyp barmaklaryna hem-de hünärlerine laýyk iş mümkinçiliklerinden peýdalanmagyna goldaw bermekdigini aýtdy. Şeýle hem bu ädim Türkiýäniň zähmet bazarynyň zerurlyklaryny kanagatlandyrmaga we halkara uçurymlar arkaly Türkiýe bilen öz ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilendir.
Täze düzgün häzirki wagtda 1 ýyllyk gysga möhletli ýaşamak rugsadyna eýe bolan daşary ýurtly uçurymlara hem degişli bolar. Olar rugsadyň möhleti dowam edýän wagtynda ýa-da onuň möhleti gutarandan soň 90 günüň dowamynda gaýtadan ýüz tutup, beýleki kanuny şertleri hem ýerine ýetiren ýagdaýlarynda goşmaça 1 ýyllyk ýaşamak rugsadyny alyp bilerler.
Bu üýtgeşmäniň Türkiýede bilim alan müňlerçe halkara talyp üçin okuwdan soň ýurtda galmak, iş tapmak we akademiki işini dowam etdirmek babatda möhüm ýeňillik bolmagyna garaşylýar.
Terjime ùçin

Related posts

Aşgabatda döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 5 müň orunlyk binalar toplumy gurlar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Türkmenistanyň Prezidenti Palestina Döwletiniň Daşary işler ministrini kabul etdi