Türkiýede Türkmenistanyň kino günleri geçirilýär

2026-njy ýylyň 16-18-nji fewraly aralygynda Ankara şäherinde Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Kino günleri geçirilýär. Bu çäre Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmekde we berkitmekde möhüm medeni waka öwrüldi.

Kino günleri Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan TÜRKSOÝ halkara guramasy bilen bilelikde guraldy.

16-njy fewralda TÜRKSOÝ-iň binasynda Türkmenistanyň Kino günleriniň çäklerinde 2026-njy ýylyň şygaryna – «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany», şeýle hem Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň 100 ýyllygyna bagyşlanan maslahat geçirildi.

Maslahata Türkiýäniň döwlet we jemgyýetçilik edaralarynyň ýolbaşçylary, tanymal alymlar we edebiýatçylar, medeniýet we sungat işgärleri, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň medeniýet ministri A.Şamyradow maslahatdaky çykyşynda, 2026-njy ýylyň şygarynyň ýurdumyzyň Garaşsyzlyk we hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarlylygyny beýan edýändigini, täze üstünliklere ymtylmagyň nyşany bolup hyzmat edýändigini hem-de milli medeniýetiň we sungatyň mundan beýläk-de ösdürilmeginde möhüm ähmiýete eýedigini belledi.

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary A.Kakaýew öz çykyşynda, kinematografiýanyň taryhy-medeni mirasy gorap saklamakda, jemgyýetiň ruhy gymmatlyklaryny berkitmekde hem-de türkmen halkynyň baý medeniýetini halkara giňişliginde şöhlelendirmekde möhüm ornuny nygtady.

Maslahatyň dowamynda «Türkmenfilm» birleşiginiň dörediliş taryhyny we ösüşiniň esasy tapgyrlaryny beýan edýän filmler görkezildi, şeýle hem «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň üstünlileri barada dokumental film görkezildi.

Şol gün Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasynyň ýanynda hereket edýän «Magtymguly Pyragy» ylmy-barlag merkeziniň nobatdaky mejlisi geçirildi.

Mejlisiň dowamynda Ahal-teke atlaryna – Türkmenistanyň milli medeni mirasynyň esasy nyşanlarynyň birine bagyşlanan «At-Myrat» atly filmi görkezildi.

Mejlisiň döwamyndaky çykyşlarda Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny öwrenmegiň we wagyz etmegiň türkmen halkynyň milli özboluşlylygynyň ruhy binýady hökmünde aýratyn ähmiýete eýedigi bellenildi.

Türkmenistanyň Kino günleriniň esasy wakasy 17-nji fewralda Ankaranyň Yaşar Kemal adyndaky medeni merkezinde geçirilen «Kompozitor» atly çeper filminiň dabaraly görkezilişi boldy.

Görkezişe Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň, Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň ýolbaşçylary, diplomatik we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, Ankara şäher häkimliginiň wekilleri hem-de köp sanly kino muşdaklary gatnaşdylar.

Film görkezilişiniň öňüsyrasynda medeni merkezde 2026-njy ýylyň şygaryna – «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» bagyşlanan fotosergisi guraldy.

Film görkezilişinde çykyş eden TÜRKSOY-nyň Baş sekretary Sultan Raýew Türkmenistanyň Kino günleriniň Türkiýe Respublikasynda geçirilmeginiň Türki halklaryň arasynda medeni gatnaşyklary berkitmekde möhüm ädimdigini belledi.

Şeýle hem, Türkiýe Respublikasynyň medeniýet we syýahatçylyk ministriniň orunbasary Nadir Alpaslan öz çykyşynda Türkiýäniň Türkmenistan bilen medeni hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini hem-de medeni-ynsanperwer ugurda bilelikdäki taslamalary goldaýandygyny aýtdy.

Ankarada geçirilen Türkmenistanyň Kino günleri türkmen we türk halklarynyň dostlukly hem-de gadymdan gelýän doganlyk gatnaşyklaryny berkitmekde, medeni alyş-çalyşy giňeltmekde hem-de Türkmenistanyň baý medeni mirasyny wagyz etmekde möhüm goşant boldy.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdylar

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ýük daşamalaryny artdyrmagy maslahatlaşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini maslahatlaşdy

Türkmen wekiliýetiniň Gruziýanyň portlaryna sapary

Türkmenistan-Özbegistan: parlamentara gatnaşyklar maslahatlaşyldy

Futbol boýunça dünýä çempionaty: ähli gatnaşyjylar belli boldy

Özbegistanda «Merkezi Aziýa-Ýewropa Bileleşigi» birinji Parlamentara forumy geçirildi

Türkmenistan «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» birinji Parlamentara forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti Azerbaýjana sapar bilen bardy

Internet ulanyjylarynyň sany boýunça öňdebaryjy ýurtlar

Türkiýede 5G döwri başlady

Belarus bilen Türkmenistan awiasiýa hem-de ulag-logistika hyzmatdaşlygyny ösdürmegi maslahatlaşdylar

Türkmenistan bilen Belarus ynsanperwer gatnaşyklaryny berkidýär

Ata Watan Eserleri

Beýik Britaniýanyň Patyşasy ABŞ-da saparda bolar

TOHU-da «XXI asyr marketing» atly açyk sapak geçirildi

HNGU-da «Eksport – global bazarlaryň gapysy» atly açyk sapak geçirildi

Türkmenistanyň we Russiýanyň ýokary okuw mekdepleri hyzmatdaş boldular

25-nji aprelinde ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigi geçiriler

Türkiýä 24 ýyldan soňra dünýä çempionatyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda 5G we 4G+ torlaryny ýaýbaňlandyrmak üçin bäsleşik yglan edildi