Türkiýede Türkmenistanyň kino günleri geçirilýär

2026-njy ýylyň 16-18-nji fewraly aralygynda Ankara şäherinde Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Kino günleri geçirilýär. Bu çäre Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmekde we berkitmekde möhüm medeni waka öwrüldi.

Kino günleri Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan TÜRKSOÝ halkara guramasy bilen bilelikde guraldy.

16-njy fewralda TÜRKSOÝ-iň binasynda Türkmenistanyň Kino günleriniň çäklerinde 2026-njy ýylyň şygaryna – «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany», şeýle hem Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň 100 ýyllygyna bagyşlanan maslahat geçirildi.

Maslahata Türkiýäniň döwlet we jemgyýetçilik edaralarynyň ýolbaşçylary, tanymal alymlar we edebiýatçylar, medeniýet we sungat işgärleri, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň medeniýet ministri A.Şamyradow maslahatdaky çykyşynda, 2026-njy ýylyň şygarynyň ýurdumyzyň Garaşsyzlyk we hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarlylygyny beýan edýändigini, täze üstünliklere ymtylmagyň nyşany bolup hyzmat edýändigini hem-de milli medeniýetiň we sungatyň mundan beýläk-de ösdürilmeginde möhüm ähmiýete eýedigini belledi.

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary A.Kakaýew öz çykyşynda, kinematografiýanyň taryhy-medeni mirasy gorap saklamakda, jemgyýetiň ruhy gymmatlyklaryny berkitmekde hem-de türkmen halkynyň baý medeniýetini halkara giňişliginde şöhlelendirmekde möhüm ornuny nygtady.

Maslahatyň dowamynda «Türkmenfilm» birleşiginiň dörediliş taryhyny we ösüşiniň esasy tapgyrlaryny beýan edýän filmler görkezildi, şeýle hem «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň üstünlileri barada dokumental film görkezildi.

Şol gün Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasynyň ýanynda hereket edýän «Magtymguly Pyragy» ylmy-barlag merkeziniň nobatdaky mejlisi geçirildi.

Mejlisiň dowamynda Ahal-teke atlaryna – Türkmenistanyň milli medeni mirasynyň esasy nyşanlarynyň birine bagyşlanan «At-Myrat» atly filmi görkezildi.

Mejlisiň döwamyndaky çykyşlarda Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny öwrenmegiň we wagyz etmegiň türkmen halkynyň milli özboluşlylygynyň ruhy binýady hökmünde aýratyn ähmiýete eýedigi bellenildi.

Türkmenistanyň Kino günleriniň esasy wakasy 17-nji fewralda Ankaranyň Yaşar Kemal adyndaky medeni merkezinde geçirilen «Kompozitor» atly çeper filminiň dabaraly görkezilişi boldy.

Görkezişe Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň, Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň ýolbaşçylary, diplomatik we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, Ankara şäher häkimliginiň wekilleri hem-de köp sanly kino muşdaklary gatnaşdylar.

Film görkezilişiniň öňüsyrasynda medeni merkezde 2026-njy ýylyň şygaryna – «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» bagyşlanan fotosergisi guraldy.

Film görkezilişinde çykyş eden TÜRKSOY-nyň Baş sekretary Sultan Raýew Türkmenistanyň Kino günleriniň Türkiýe Respublikasynda geçirilmeginiň Türki halklaryň arasynda medeni gatnaşyklary berkitmekde möhüm ädimdigini belledi.

Şeýle hem, Türkiýe Respublikasynyň medeniýet we syýahatçylyk ministriniň orunbasary Nadir Alpaslan öz çykyşynda Türkiýäniň Türkmenistan bilen medeni hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini hem-de medeni-ynsanperwer ugurda bilelikdäki taslamalary goldaýandygyny aýtdy.

Ankarada geçirilen Türkmenistanyň Kino günleri türkmen we türk halklarynyň dostlukly hem-de gadymdan gelýän doganlyk gatnaşyklaryny berkitmekde, medeni alyş-çalyşy giňeltmekde hem-de Türkmenistanyň baý medeni mirasyny wagyz etmekde möhüm goşant boldy.

 

Related posts

Rumyniýa türkmen talyplaryna 2027-nji ýylda 107 sany talyp haky hödürlär

Türkmenistanyň Mejlisi Azerbaýjan bilen baglaşylan ähtnamany tassyklady

28-nji Noýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

TOPH gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar

Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 112-nji mejlisine gatnaşdy

Fernandes we Dias şertnamasynyň möhletini uzaldar

Türkmenistanda raýat awiasiýasy pudagy üçin halkara hünärmenler taýýarlanar

Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň döredilen güni bellener

Türkmenistanda dekabr aýynda “Ýylyň parlak ýyldyzy” bäsleşiginiň jemi jemlener

Bäherden etrabynda täze tikin fabrigi gurlar

Aşgabatda ekologiýa we howanyň üýtgemegi boýunça halkara maslahat geçirildi

«Ojar Aziýa» Kabuldaky «AFG REBUILD EXPO 2026» sergisinde işewürlik gatnaşyklaryny berkidýär

Türkmenistanyň Mejlisinde maslahat geçirildi

Türkmenistanyň Ilçisiniň Gruziýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşygy

Türkmenistanyň wekiliýeti Neapolitan uniwersiteti bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny maslahatlaşdy

Türkmenistan bilen Awstraliýanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistanda Azerbaýjanyň ekologiýa we howanyň üýtgemegine garşy göreş syýasaty tanyşdyryldy

27-nji Noýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Türkmenistanyň Ilçisi YTB-niň ýolbaşçysy bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdy