Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky syýasy, ykdysady we medeni gatnaşyklar yzygiderli ösdürilýär. Iki ýurduň arasyndaky ykdysady gatnaşyklarda gurluşyk pudagyna uly orun berilýär. Türkiýäniň dürli gurluşyk kompaniýalary Türkmenistanda köp ýyllaryň dowamynda iri gurluşyk taslamalarynyň ençemesini durmuşa geçirdiler.
Türk kompaniýalarynyň Türkmenistanda amala aşyran potratçylyk işleriniň möçberi 50 milliard dollara barabar boldy. Muny Türkiýe Respublikasynyň Söwda ministrliginiň ýaýradan maglumatlaryndan görmek bolýar.
Türkiýäniň potratçylyk pudagy 2022-nji ýylyň 7 aýynda takmynan 6 milliard dollar möçberinde taslama aldylar. Türk kompaniýalarynyň 1972-nji ýylyň iýul aýyndan häzirki wagta çenli amala aşyran potratçylyk işleri 131 döwletde umumy bahasy 459,6 milliard dollar möçberinde 11 müň 293 taslama deň boldy.
Bu görkezijilerde öňdeligi Russiýa Federasiýasy bilen Türkmenistan eýeleýär. Degişli döwürde türk kompaniýalary Russiýada 95.4 milliard dollar möçberde dürli taslamalary durmuşa geçirdi. Türkmenistanda bolsa, türk gurluşyk kompaniýalarynyň amala aşyran taslamalarynyň möçberi 50 milliard dollara barabar boldy.
Türk kompaniýalary köpräk ýaşaýyş jaýlary we kabulhana toplumlaryny gurupdyr. Şeýle hem türk işewürlerine awtomobil ýollary, tunnel, köpri, söwda merkezleri we howa menzilleri ýaly taslamalar hem ynanylypdyr.
Soňky ýyllarda türk şereketleri energetika pudagynda hem ençeme taslamalary durumuşa geçiripdir.
