JEMGYÝET

Türkiýeli meşhur aşpez Burak Özdemir Türkmenistanda restoranyny açdy

Aşgabadyň Magtymguly şaýolunyň ugrunda ýerleşýän “Arkaç” söwda we dynç alyş merkezinde “CZN Burak Gurme” restoranynyň Türkmenistandaky şahamçasy açyldy. Açylyş dabarasyna ady belli bu konsept restoranyň düýbüni tutujy, “CZN Burak” ady bilen dünýäde meşhurlyk gazanan türk aşpezi Burak Özdemiriň hut özi gatnaşdy.

“Ata Watan Media” toparynyň hem gatnaşan bu restoranynyň açylyş dabarasy köp adamly boldy. Açylyş dabarasynda çykyş eden Burak Özdemir Türkmenistanda gelendigi üçin örän şatdygyny belledi.

Türkiýede, Birleşen Arap Emirliklerinde, Bahreýnde, Iordaniýada, Katarda, Müsürde, Täjigistanda, Özbegistanda we Britaniýada ýerleşýän “CZN Burak Gurme” restoranlar torunyň millionlarça muşdagy bar.

Mundan beýläk bu restoranyň Türkmenistanda hem öz muşdaklary bolar.

Burak Özdemir Türkmenistandaky şahamçasyny açmazdan ozal beren interwýusynda Türkmenistanyň öz işewürligini ösdürmek islän ýurtlarymyň içinde möhüm orun eýeländigini belläpdi.

Şeýle hem ol myhmanlara türk aşhanasynyň iň tagamly naharlaryny hödürlemäge hem-de olary türkmen aşhana däpleri bilen tanyşdyrmaga çalyşjakdygyny mälim edipdi.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň ilçisi “Tokio Marafon ̶ 2025” çäresine gatnaşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Kataryň Emirini halkara foruma çagyrdy

Täze häkimler wezipä bellendi

Ata Watan Eserleri

Gazak Lideri Aşgabatdaky halkara foruma gatnaşýar

Ata Watan Eserleri

«Ýylyň zenany» atly bäsleşigiň jemi jemlenildi

Şu gün Türkmenistanyň tebigy gazy Türkiýä barar