JEMGYÝET

“Türkiýe-Azerbaýjan-Türkmenistan” üçtaraplaýyn sammiti Awazada geçiriler

Türkiýe Respublikasynda saparda bolan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary we daşary işler ministri Raşid Meredow birnäçe duşuşyklar geçirdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary we daşary işler ministri Raşid Meredow saparynyň çäklerinde Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly bilen duşuşdy.

Raşid Meredow bilen Mewlüt Çawuşoglynyň geçiren ikitaraplaýyn duşuşygyndan soňra metbugat wekilleriniň gatnaşmagynda metbugat ýygnagy geçirildi.

Mewlüt Çawuşogly türkmen kärdeşi bilen birnäçe sebit meselelerini we ikitaraplaýyn gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşylandygyny mälim etdi.

Ikitaraplaýyn ýokary derejedäki saparlaryň ara alyp maslahatlaşylandygyny bellän Çawuşogly Türkmenistanyň “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda “Türkiýe-Azerbaýjan-Türkmenistan” üçtaraplaýyn sammitine görülýän taýýarlyk işleri boýunça pikir alşylandygyny we şol bir wagtda üç ýurduň daşary işler, energetika we ulag ministrleriniň ýygnagynyň geçirilmeginiň peýdaly boljakdygyny mälim etdi.

Bu duşuşyklaryň netijesinde 5 ylalaşyga gol çekiljekdigini bellän Çawuşogly Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň geljek ýylyň başynda Türkiýe Respublikasynda saparda boljakdygyny mälim etdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Eýrana ynsanperwerlik kömegini iberdi

Türkmenistanyň Prezidenti we türkmen halkynyň Milli Lideri agzaçar sadakasyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Taryhy gymmatlyklarymyz Rimiň Kapitoliý muzeýinde görkezilýär

Türkmenistanda 21-nji martda ählihalk bag ekmek dabarasy geçiriler

Türkmenistan Eýrana ynsanperwer kömegini iberýär

Türkmenistanda Gadyr gijesi mynasybetli 336 sany raýatyň günäsi geçildi