SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkiyäniň syýahatçylyk pudagy rekord görkezijilere eýe bolýar

Türkiýe 2024-nji ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda 49,2 million jahankeşdäni kabul etdi. Şunlukda,  syýahatçylyk pudagynyň ýurda getiren girdejisi 46,9 milliard amerikan dollaryna barabar boldy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ýurda gelýän syýahatçylaryñ sanynyň ösüş depgini 9 göterime, girdejiniň ösüş depgini bolsa 7 göterime deň boldy. Şunuň bilen baglylykda, ýylyñ başynda 60 million syýahatçy getirmegi özüne maksat edinen Türkiýe, şu ýylyň dokuz aýynda daşary ýurtly jahankeşdeleriñ sany boýunça rekord görkezijileri gazanmagy başardy.

Türkiýäniň Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi tarapyndan Stambulda geçirilen metbugat ýygnagynda 9 aýyň jemleri jemlenildi. «Şu ýylyň dokuz aýynda Türkiýä gelen jahankeşdeleriñ sany 49,2 milliona ýetdi we geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende bu görkeziji 9 göterim ýokarlandy»-diýip, ýurduñ Medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoý öz çykyşynda belledi.

Seljerilen görkezijileriň netijelerine laýyklykda, ýurduň syýahatçylyk pudagyndaky girdejisi 46,9 milliard ABŞ dollaryna barabar bolup, ösüş depgini 7 göterime deň boldy.  Jahankeşdeleriñ ortaça günlük harajaty bolsa 107 dollara ýetdi. «Dokuz aýyň netijeleri Türkiýe Respublikasynyň gazanan iň ýokary görkezijileri bolup durýar; şunlukda ýylyň ahyryna çenli ýurda 61 million syýahatçy getirmegi maksat edinýäris” diýip, ministr Ersoý aýtdy.

Dünýäniň dürli künjeklerinden gelýän syyahatçylary bilen Stambul we Antalýa oňyn netijeler gazandy

Türkiýäniň iň uly megapolisi bolan Stambula 2024-nji ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda 14 milliondan gowrak daşary ýurtly jahankeşde geldi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ösüş depgini 7 göterime deň boldy. Munuň bilen baglylykda, Stambulyň Taryhy Ýarym adasy, Taksim, Karaköý etraplary, şeýle hem şäheriň Ýewropa we Aziýa taraplaryndaky Bosfor yaly iň uly syýahatçylyk ýerlerine Amerika, Ýewropa, Afrika, Awstraliýa we Aziýa yklymlaryndan 200-den gowrak ýurtdan syyahatçy kabul etdi. Garalýan döwürde  13,3 milliondan gowrak jahankeşde kabul eden “Türkiýäniň syýahatçylyk paýtagty” hökmünde tanalýan Antalýa bolsa, gündogar Ortaýer deňzindaki öňdebaryjylygyny elden bermeýär.

Türkiýäniň iň uly bazarlary durnukly ösüş görkezdi

Russiýa, Germaniýa we Beýik Britaniýa syýahatçylyk pudagynda Türkiýäniň iň möhüm bazarlary bolup durýarlar. Agzalyp geçilen yurtlardan gelen daşary ýurtly syýahatçylar esasan Antalýa, Stambul, Izmir we Mugla şäherleri ýaly ýurduñ iň meşhur syýahatçylyk merkezlerinde dynç almagy makul bildiler. Üç çärýegiň netijeleri boýunça Russiýadan 5,5 milliondan gowrak syýahatçy, Germaniýadan 5,2 milliondan gowrak jahankeşde, şeýle hem Angliýadan takmynan 3,7 million syýahatçy dynç almak üçin Türkiýä geldi.

 

Ýene-de okaň

Kolosseýde Göbekli depe Artefaktlaryna bagyşlanan sergi açyldy

Awiasiýa howpsuzlygy üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasy taýýarlandy

Türkmenistanyň lukmançylyk uniwersiteti ylmy elektron žurnal çap eder

Sungatyñ we stiliň sazlaşýan ýeri bolan Stambulda bazarlamagyñ ruhy lezzeti

Ata Watan Eserleri

«Belawiýa» Türkmenbaşy bilen Minskiň arasyndaky uçuşlaryň sanyny köpeldýär

Müsür gyzzyrmadan azat ýurt boldy