Türkiýede we dünýä döwletlerinde Türkiýäniň wekilhanalary tarapyndan her ýylyň 15-22-nji apreli aralygynda “Türkiýäniň syýahatçylyk hepdeligi” ady bilen dürli çäreler guralýar. Şeýle çäreler ençeme ýyldan bäri Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan hem gurnalyp gelýär.
17-nji aprelde Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherindäki Türk medeniýet merkezinde “Türkiýäniň syýahatçylyk hepdeligi” çäreleriniň çäklerinde Türkiýäniň syýahatçylyk pudagynyň surat sergisi geçirildi. Türkiýäniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmet Demirokyň gurnamagynda geçirilen çärä daşary ýurtlaryň ilçileri, ýurdumyzyň syýahatçylyk kompaniýalarynyň wekilleri, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy.
“Ata Watan Media” toparynyň hem çagyrylan dabarasynda Türkmenistan döwletimize Türkmenistanyň medeniýet ministriniň orunbasary Nursähet Şirimow wekilçilik etdi.
Dabaranyň çäklerinde Türkiýäniň ilçisi Ahmet Demirok çykyş edip, Türkiýäniň syýahatçylyk pudagynda gazanýan üstünlikleri barada giňişleýin maglumat berdi.
Hususan-da, käbir görkezijilere ünsi çekdi. 2024-nji ýylda Türkiýe Respublikasy 62.3 million syýahatçy kabul edip, syýahatçylyk girdejisi 61.1 milliard dollara deň boldy. 2025-nji ýylda bu ugurda täze rekordlaryň gazanylmagyna garaşylýar: degişli döwürde 65 million syýahatça garaşylyp, girdejiniň 64 milliard dollara barabar bolmagy çaklanylýar.
UÇAR GATNAWLARY ARTDYRYLAR
Türkiýäniň ilçisi Ahmet Demirok soňky ýyllarda türkmen raýatlarynyň Türkiýe Respublikasyna syýahatçylyk etmegä uly gyzyklanma bildirýändigini belläp, 2024-nji ýylda 153 müňden gowrak Türkmenistanyň raýatynyň Türkiýede bolandygyny we bu görkezijiniň bir öňki bilen deňeşdirilende 27 göterim köpdügi bellenildi.
Syýahatçylyk ulgamynda özara uçar gatnawlarynyň hem ähmiýetiniň uludygyny bellän ilçi Demirok 2025-nji ýylyň 1-nji aprelinden “Türkhowaýollary” kompaniýasynyň Aşgabada uçar gatnawlarynyň ýygylygyny hepdede 11-den 14-ä çykarandygyny, 10-njy iýunda bu gatnawlaryň sanyny 17-ä ýetirjekdigini belledi. Häzirki wagtda “Türkmenistan” awiakompaniýasy hepdede Aşgabat-Stambul aralygynda 10 gatnaw amala aşyrýar.
Türkiýäniň syýahatçylyk mümkinçiliklerini tanyşdyrmak üçin dürli çäreleriň gurnalýandygyny belläp geçen Türkiýäniň ilçisi Demirok 2024-nji ýylda Türkmenistandan 7 žurnalistiň hem-de 9 syýahatçylyk agentliginiň Türkiýäniň syýahatçylyk ýerlerinde bolandygyny belledi.
2025-nji ýylyň maý aýynda ýene-de 22 adamyň, 11 žurnalistiň hem-de 11 syýahatçylyk agentlikleriň wekilleri Türkiýäniň Trabzon we Rize sebitlerine syýahat amala aşyrjakdygy bellenildi.
Türkmenistanyň medeniýet ministriniň orunbasary Nursähet Şirimow hem öz gezeginde Türkiýe Respublikasy bilen medeni-syýahatçylyk hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýändigini belledi. Ol iki ýurduň gurnaýan medeni we syýahatçylyk maksatly çäreleri Türkmenistanyň we Türkiýänuň wekiliýetleriniň işjeň gatnaşýandygyny aýdyp, şu ýylyň dowamynda Türkmenistanyň wekiliýetleriniň Türkiýede şeýle saparlarda boljakdygyny aýtdy.
Dabarada myhmanlar Türkiýäniň dürli künjekleriniň syýahatçylyk mümkinçiliklerini açyp görkezýän surat sergisine aýlanyp gördüler we myhmanlara hödür-kerem edildi.