JEMGYÝET

Türkiýäniň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentine gynanç hatyny iberdi

Hormatly Prezidentimiziň adyna mähriban kyblasy Mälikguly Berdimuhamedowyň aradan çykmagy zerarly gynanç hatlary gelýär. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilýär.

Türkiýäniň Prezident Rejep Täýyp Ärdogan, Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Jomart Tokaýew, Gazagystanyň ilkinji Prezidenti Nursultan Nazarbaýew, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow we beýleki milli Liderimiziň adyna gynanç hatlaryny iberdiler.

Türkiýäniň Prezident Rejep Täýyp Ärdogan öz gynanç hatynda: “Hormatly Prezident! Gadyrly doganym, maşgala agzalaryňyza we ýakynlaryňyza baş saglygyny hem-de sabyr dileýärin. Gadyrly doganym, Size we doganlarymyz türkmen halkyna tüýs ýürekden çykýan duýgularymy dileýärin” diýip bellenilip geçilipdir.

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň iberen gynanç hatynda bolsa: “Siziň mähriban kyblaňyzyň aradan çykmagy zerarly meniň çuňňur gynanjymy kabul ediň” diýlip bellenilýär.

Watanyň wepaly ogly Mälikguly Berdimuhamedow hakynda ýatlama ýüreklerimizde hemişelik saklanar

 

 

Ýene-de okaň

Dünýä çempionatynyň finaly: Argentina-Ispaniýa

Türkmenistan bilen Gruziýa teatr we muzeý hyzmatdaşlygyny ösdürer

Türkmenistan-Gruziýa: 20-den gowrak resminama gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Premýer-ministri bilen duşuşdy

Gara deňziň gruzin kenarynda Türkmenistanyň ýük terminaly dörediler

Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Prezidenti bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri