JEMGYÝET

Zenanlaryň ilkinji harby bölümi döredildi

Geçen ýylky habarlarymyzyň birinde Saud Arabystanynda isleg bildiren zenanlaryň hem harby gulluga çagyryljakdygy barada aýdypdyk. Ýakynda bolsa bu döwletde zenan harby gullukçylardan ybarat ilkinji bölüm işläp başlady. Bu barada taslamany esaslandyryjy, Saud Arabystanynyň Ýaragly Güýçleriniň ştab başlygy general Faýod ar-Ruwaýli maglumat berdi.

2019-njy ýylyň oktýabr aýynda Saud Arabystanynyň Hökümeti zenanlara Gury ýer goşunlary, harby howa güýçleri, deňiz harby güýçleri, howa hüjüminden goranyş güýçleri, lukmançylyk hyzmatlary we strategik raketa güýçleri ýaly goşun görnüşlerinde kiçi wezipelerde gulluk etmäge rugsat beripdi.

Umuman, Saud Arabystanynyň ozalky Soltany Salmonyň ogly şazada Muhammediň tagta geçmegi bilen ýurtda örän köp üýtgeşmeler bolup geçdi. Bu özgerişlikler, ilkinji nobatda, zenanlaryň jemgyýetdäki ornuny beýgeltmekden başlady. Häzir Saud Arabystanynda zenanlara ulag dolandyrmaga, sport ýaryşlaryna tomaşa etmek üçin stadionlara barmaga, harby we hukuk goraýjy gulluklarda işlemäge rugsat berilýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň başlangyjy bilen “BMG-niň oýunlary-2026” badalga aldy

Eýranyň daşary işler ministriniň orunbasarynyň Aşgabada sapary

Malaýziýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistana resmi sapary bolar

Türkmenistanyň Prezidenti Wladimir Putini gutlady

Dünýä çempionaty başlady: Meksika we Günorta Koreýa ýeňiş gazandy

Türkmenistanyň Prezidentine professor alymlyk ady dakyldy