BIZNESPEÝDALY MASLAHAT

Miras şahadatnamasy : Gerekli Resminamalar

Mirasa bolan hukuk hakynda şahadatnama almak üçin gerekli resminamalaryň sanawyny Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň web saýtyna salgylanyp Size ýetirýäris.

  1. Arza (kanun boýunça mirasa bolan hukuk barada, wesýetnama boýunça mirasa bolan hukuk barada arzanyň nusgasyny almak üçin Miras wesyetnama)
  2. Mirasdaryň şahsyýetini tassyklaýan resminama (pasport ýa-da beýleki resminama)
  3. Miras galdyryjynyň ölüm hakynda şahadatnamasy we onuň nusgasy.
  4. Miras galdyryjy bilen garyndaşlyk we gaýry gatnaşyklary subut edýän resminamalar we olaryň nusgalary (dogluş hakynda, nika baglaşylandygy hakynda, nika bozulandygy hakynda şahadatnamalar we ş.m.).
  5. Wesýetnama boýunça miras kabul edilende wesýetnamanyň asyl nusgasy ya-da öwezligi.
  6. Miras galdyryjynyň ölen gününe çenli haýsy salgyda ýazgyda durandygy we şol salgyda haýsy maşgala agzalarynyň ýaşanlygy barada degişli ýaşaýyş jaý ulanyş edarasyndan kepilnama.
  7. Miras emläginiň miras galdyryja degişlidigi hakynda hukugy belleýji resminamalar (miras emlägine eýeçilige esas bolan resminama).
  8. Eger miras emlägiň düzümine gozgalmaýan emläk girýän bolsa, Gozgalmaýan emlägi bellige almaga ygtyýarly ýerli edarasynyň “Döwlet sanawyndan gozgalmaýan emlägiň obýekti hakynda maglumatyndan Göçürmesi”
  9. Bellenen möçberde döwlet pajynyň tölenendigi barada töleg haty.
  10. Hyzmatlaryň edilendigi üçin tölegiň tölenendigi barada töleg haty.

 “Google” we “Atavatan” saýty bäsleşýär: häzirlikçe “Google” öňde

Ýene-de okaň

Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasynda “e-TIR” ulgamy boýunça ilkinji synag ýük daşamasy başlandy

Türkmen-german hyzmatdaşlygynyň täze mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistanda 2026-njy ýylyň 20-26-njy iýuly aralygynda howa maglumaty

Türkmenistanda täze tebigy gaz akymy alyndy

Türkmenistanda täze gury ýük gämileri gurlar

Türkmenistanda milli el halyçylyk ulgamy ösdüriler